Приказ Министерства строительства и архитектуры Туркменистана от 11.03.2019 г. за №МВ-39 «Об утверждении Типового договора участия в долевом строительстве»


 

                                                Paýly gurluşyga gatnaşmagyň

                                                            ŞERTNAMASY

________________                                                                            «___»__________20__ ý.

 (ilatly nokadyň ady)                                                                                     (sene)

 

Mundan  beýläk “Paýçy”  diýlip atlandyrylýan _________________________________________________________________              

                                                       (raýatyň – familiýasy, ady, atasynyň ady,

_____________________________________________________________________________________________şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň görnüşi, belgisi, onuň berlen senesi we beren edaranyň ady; ýuridik şahsyň doly ady, _____________________________________________________________________________________________

guramaçylyk-hukuk görnüşi, oňa wekilçilik edýän wezipeli adamyň wezipesi we familiýasy, ady, atasynyň ady, oňa wekilçilik etmäge _____________________________________________________________________________________________

hukuk berýän resminamanyň görnüşi, hususy telekeçiniň (fiziki şahs) familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsyýetini tassyklaýan _____________________________________________________________________________________________                   

resminamanyň görnüşi, belgisi, onuň berlen senesi we  beren edaranyň ady, patentiň we bellige alyş şahadatnamasynyň senesi we belgisi)

_______________________________________________________________________________________________________

bir tarapdan, we mundan beýläk “Gurujy” diýlip atlandyrylýan  _____________________________________________________________________________________________

(ýuridik şahsyň ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi)

­­­­­ esasynda hereket edýän___________________________________

      ( ýuridik şahsa wekilçilik edýän wezipeli adamyň wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

beýleki tarapdan, bilelikde “Taraplar” diýlip atlandyrylýanlar, şu Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny (mundan beýläk - Şertnama) aşakdakylar barada baglaşdylar.

 

1. Şertnamanyň mazmuny

 

1.1. Şu Şertnama esasynda “Gurujy” paýly gurluşygyň obýekti bolup
durýan    _____________________________________________________________

       paýly gurluşygyň obýektiniň ady (öý we bir öýli ýaşaýyş jaý, köp öýli ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän sosial-medeni,

__________________________________________________________             administratiw, durmuş we söwda maksatly obýekt ýa-da onuň aýratyn bölegi, aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş,

__________________________________________________________                           

  söwda we önümçilik maksatly obýekt ýa-da onuň aýry bölegi),

_____________________________________________________________

ýerleşýän ýerini, gatyny, otagyň (gozgalmaýan emlägiň gaýry böleginiň) sanyny görkezmek bilen

 

gurluşygyny “Paýçynyň” pul serişdelerini çekmek bilen  ______________________________________________________________________ ______________________________________________________________________

obýektiň ady

taslama boýunça umumy meýdany ______________________________________________________________________

öý ýa-da ýaşaýyş jaý bolan halatynda ýaşaýyş meýdanyny aýratyn görkezmek bilen

 

inedördül metre deň bolan, şu Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Paýly gurluşygyň obýektiniň häsiýetnamasynda (1-nji goşundy) beýan edilen häsiýetnama laýyk gelýän görnüşde ýerine ýetirip, gurluşyk işleri tamamlanandan soň bellenen tertipde kabul ediş-tabşyryş işlerini geçirip, ulanyşa kabul edilenden soňra “Paýça” tabşyrmak, “Paýçy” bolsa gurluşygyň obýektiniň Şertnamada kesgitlenen bahasyny şu Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Töleg tertipnamasyna (2-nji goşundy) laýyklykda tölemäge we şu Şertnamada bellenen tertipde gurluşygyň obýektini kabul etmäge borçlanýar.

 1.2. Gurluşygyň obýektiniň taslamasy boýunça beýan edilen paýly gurluşygyň obýektiniň (şol sanda onuň içindäki otaglaryň) meýdany takmynan bolup,           gurluşyk-gurnama işleri gutarandan soň, paýly gurluşygyň obýektiniň meýdany ýokarda görkezilen gurluşyk ölçeglerinden artyk ýa-da kem hem bolup biler. Paýly gurluşygyň obýektiniň (şol sanda onuň içindäki otaglaryň aýry-aýrylykda) meýdany tehniki-tükelleýiş edarasynyň geçiren ölçegleri netijesinde gutarnykly diýip hasap edilmelidir we şonuň bilen baglanyşykda şertnamanyň bahasy “Paýçy” bilen “Gurujynyň” arasynda baglanyşylýan bellenen tertipde Gurluşyk babatynda ygtyýarlyk berlen edarasynda (mundan beýläk – Ygtyýarlyk berlen edara) hasaba   hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onyň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynda döwlet belligine (mundan beýläk- döwlet belligine) alynmaga degişli goşmaça ylalaşyk esasynda üýtgedilmäge degişlidir.

 

1.3. Paýly gurluşygyň obýekti ____________________________________________________________

___________________________________________ulanmak üçin gurulýar.

(ulanmagyň maksadyny görkezmeli)

         

2. Şertnamany baglaşmak üçin şertler

 

2.1. Şertnamany baglaşmak üçin “Gurujy” şu aşakdaky rugsat beriji ýa-da beýleki resminamalary bilen Paýçyny tanyşdyrmaga borçludyr:

2.1.1. ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygyny alyp barmak üçin rugsady we gurluşyk etmek üçin ýer böleginiň berlendigi hakynda resminama bilen______________________________________________________________

__________________________________________________________________

rugsadyň we Döwletnamanyň (kararyň) tertip belgisi, rugsat we Döwletnama (karar) kim tarapyndan we haçan berlen

 

2.1.2. gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bilen

__________________________________________________________________            

tertip belgisi, resminama kim tarapyndan we haçan berlen

 

2.1.3.  taslama beýannamasy bilen;

2.1.4. gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin üçünji şahs bilen baglaşylan potrat şertnamasy bilen (eger baglaşylan bolsa);

2.1.5. gurluşyk etmek üçin berlen ýer bölegine bolan degişli hukugyň Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onyň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynda döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan resminamasy bilen.

 

3. Gurluşygyň möhleti

 

3.1. Gurluşygyň başlanmaly ýa-da başlanan senesi hem-de ulanylmaga berilmeginiň möhletleri__________________________________________________________

görkezmeli: ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýekti

_____________________________________________________________20_ ý.

güni we aýy ýazmaça

3.2. Şu Şertnamada göz öňünde tutulan möhletde gurluşyk tamamlanyp bilinmejek halatynda, “Gurujy” şu Şertnamada kesgitlenen gurluşygyň möhletlerini diňe “Paýçy” bilen ylalaşyp, goşmaça şertnama baglaşma arkaly üýtgedip biler. Ýöne “Gurujy” bu barada Şertnamada göz öňünde tutulan gurluşygyň möhletiniň tamamlanmagyndan azyndan 2 (iki) aý öňünden “Paýça” ýazmaça habar hem-de oňa Şertnama üýtgetmeler girizmek barada delillendirilen teklipler bermelidir. Habarnamada şu gurluşygyň möhletiniň üýtgedilmegi we şunuň bilen baglanyşykly şertnamanyň beýleki şertleriniň üýtgedilmegi göz öňünde tutulmalydyr.
 

4. Şertnamanyň bahasy

 

 4.1. Şertnamanyň bahasy, Şertnamada olaryň aýratynlykda görkezilmegi bilen, Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasynyň we gurujynyň onuň gurluşygy boýunça hyzmatlarynyň bahasynyň jemi bolup durýan pul möçberidir.

4.2. Paýly gurluşygyň obýektiniň şu Şertnama baglaşylan wagty, umumy meýdanynyň 1 (bir) inedördül metriniň bahasy ________________________________________________________ manat. 

                                                      jemi baha ýazmaça

4.3. Paýly gurluşygyň obýektiniň taslama boýunça meýdany ______________  inedördül metr bolup, şu Şertnama baglaşylan wagtyndaky ylalaşylan umumy bahasy __________________________________________________ manada barabardyr.

jemi baha ýazmaça

4.4. “Gurujynyň” hyzmatlary (onuň peýdasy, paýly gurluşyk boýunça işi guramagy we beýlekiler) üçin bahanyň möçberi____________________________

__________________________________________________manada barabardyr.           

                                    jemi baha ýazmaça

4.5. Şertnamanyň gutarnykly bahasy ____________________ manada barabar     

                                                            jemi baha ýazmaça

bolup, şu Şertnamanyň 1.2. bendinde  görkezilenler bilen baglykda üýtgedilip bilner.

4.6. Şertnamanyň bahasy “Paýçy” tarapyndan şu Şertnamanyň                                    2-nji goşundysyndaky göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde doly möçberde tölenilmelidir. Şertnama boýunça “Paýçy” bilen “Gurujynyň” arasyndaky islendik özara hasaplaşyklar diňe Şertnama  Ygtyýarlyk berlen edarada hasaba hem-de  döwlet belligine alnandan soň amala aşyrylyp bilner.

 

5. Hasaplaşygy geçirmegiň tertibi

 

5.1. Şertnamanyň bahasynyň tölenilmegi “Paýçy” tarapyndan bank hyzmaty hakyndaky Şertnama we “Gurujynyň” ýazmaça arzasy esasynda karz edarasynda her bir paýly gurluşygyň obýekti üçin   Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde açylýan, ýörite bank hasabyna (mundan beýläk - Ýörite bank hasaby) pul serişdeleriniň nagt  ýa-da nagt däl görnüşde geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

5.2. “Paýçy” tarapyndan Şertnamanyň bahasynyň tölenilmegi şu Şertnama         2-nji goşunda laýyklykda _____________________________________geçirilýär.

                              (birwagtlaýyn ýa-da tapgyrlaýyn degişlilikde saýlanyp, görkezilmäge degişli)

5.3. Şertnamanyň bahasynyň “Paýçy” tarapyndan tapgyrlaýyn tölenilmegi “Gurujynyň” paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň hakyky bahasynyň maliýeleşdirilmegi karz edarasy tarapyndan “Paýçynyň” Şertnama laýyklykda Ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleriniň hasabyna hakyky ýerine ýetirilen işleriň möçberlerini tassyklaýan resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

5.4. Paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy (Şertnamanyň bahasy) üýtgän halatynda, Taraplar Şertnamanyň bahasyny üýtgetmek barada goşmaça ylalaşyk baglaşmak bilen, şol bir wagtda Töleg tertipnamasyna  (2-nji goşundy) hem üýtgetmeleri girizýärler.

 

6. Paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş - tabşyryş tertibi we şertleri

 

6.1.  “Gurujy” paýly gurluşygyň obýektiniň berilmeginiň Şertnamada bellenilen möhleti gelmezinden azyndan bir aý öň “Paýça” paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygynyň tamamlanýandygy hakynda habar bermäge hem-de Şertnama laýyklykda “Paýça” paýly gurluşygyň obýektini kabul etmegiň zerurdygy hakynda duýdurmaga borçludyr.

6.2. “Gurujy” tarapyndan “Paýça” paýly gurluşygyň obýektiniň berilmegi şol ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegine rugsat alandan soň amala aşyrylýar.

6.3. “Gurujy” “Paýça” paýly gurluşygyň obýektini onuň hili şu Şertnamanyň şertlerine, taslama we beýleki hökmany talaplara laýyk gelýän ýagdaýynda, “Taraplaryň” gol çeken Paýly gurluşygyň obýektini kabul ediş-tabşyryş ykrarhaty (mundan beýläk – Kabul ediş-tabşyryş ykrarhaty) boýunça tabşyrmalydyr.

 6.4. Paýly gurluşygyň obýekti berilmäge taýýar bolan mahalynda “Paýçy” bu obýekti şu Şertnamanyň 6.1-nji bendinde göz öňünde tutulan duýdurmada bellenen möhletiň gelip ýeten gününden soň 5 (bäş) iş gününiň dowamynda kabul etmäge borçludyr.

 6.5. Ýaşaýyş jaýy ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýekti ulanyşa tabşyrylandan soňra “Gurujy” bir aýyň dowamynda “Paýça” paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň gutarnykly hasaplamasyny çykaryp bermäge borçludyr. Paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy (Şertnamanyň bahasy) doly möçberde tölenen halatynda, “Gurujy” ahyrky tölegler geçirilenden soň üç iş gününiň dowamynda “Paýça” paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalary bermäge borçludyr.

      6.6. “Paýçynyň” paýly gurluşygyň obýektine eýeçilik hukugynyň emele gelmegi bilen şol bir wagtda onuň ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiniň umumy eýeçilige degişli emläkdäki paýy emele gelýär. “Paýçynyň” paýly gurluşygyň obýektinde umumy eýeçilige degişli emläkdäki öz paýyny aýrybaşgalamaga, beýleki adamlaryň peýdasyna ondan ýüz döndermäge, şeýle hem özüniň eýeçilik hukugyna degişli obýektinden aýratynlykda umumy emläkdäki  paýynyň berilmegine eltýän beýleki hereketleri amala aşyrmaga hukugy ýokdur.

 

7. Hil kepilligi

 

7.1. “Gurujy” şu Şertnamanyň şertlerine, taslama resminamalarynyň talaplaryna we başga hökmany talaplara laýyk gelýän hili bolan Paýly gurluşygyň obýektini “Paýça” bermelidir.

7.2. Paýly gurluşygyň obýekti üçin kepillik möhleti __________________ __________________________________________________________________

      (ýaşaýyş jaý ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýekt bolsa hersi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýratynlykda görkezilmäge degişli) _________________________________________________________________________________ diýlip bellenilýär.

                                             

7.3. Şu Şertnamanyň 7.2. bendinde görkezilen kepillik möhleti Kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekilen gününden başlap hasaplanylýar.

7.4. Eger kepillik möhletiniň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň hili boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi we beýleki kemçilikler ýüze çykýan halatynda, “Paýçynyň” bu barada “Guruja” talap bildirmäge hukugy bardyr.

7.5. Tabşyrylan paýly gurluşygyň obýektiniň Kabul ediş-tabşyryş ykrarhatynda görkezilen ýa-da kepillik möhletiniň dowamynda üsti açylan kemçilikleri “Gurujy” öz hasabyna “Paýçy” bilen goşmaça ylalaşylan möhletde düzetmäge borçludyr.

7.6. Eger paýly gurluşygyň obýekti “Gurujy” tarapyndan Şertnamanyň şertlerinden we (ýa-da) şu Şertnamanyň 7.1. bendinde görkezilen şeýle obýektiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiren, hökmany talaplaryň ýoýulmagy bilen ýa-da ony Şertnamada göz öňünde tutulan ulanylmagy üçin ýaramsyz edýän kemçilikler bilen gurlan bolsa, “Paýçy” öz garamagyna görä “Gurujyny” şulara borçly etmäge haklydyr:

1) kemçilikleri  muzdsuz düzetmäge;

2) Şertnamanyň bahasyny barabarlykda azaltmaga;

3) kemçilikleri aýyrmak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga.

7.7. Eger kemçilikler ulanylmaga bildirilýän talaplaryň bozulmagy ýa-da “Paýçynyň” özi ýa-da onuň işe çeken üçünji şahslar tarapyndan geçiren göwnejaý däl abatlamagy netijesinde bolup geçendigi subut edilse, onda “Gurujy” kepillik möhletiniň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň ýetmezçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

8. Şertnama boýunça talabyň başga birine berilmegi

 

8.1. Şu Şertnama  boýunça talabyň başga birine berilmegi şertnama ygtyýarlyk berlen edarada hasaba we döwlet belligine alnan pursatyndan başlap taraplaryň paýly gurluşygyň obýektini kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çeken pursatyna çenli rugsat berilýär.

8.2. Talabyň başga birine berilmeginiň amala aşyrylmagy paýly gurluşyga gatnaşmagyň Şertnamasyna goşmaça ylalaşyk bilen resmileşdirilýär, onda özi boýunça paýçynyň geçirýän, täze paýçynyň bolsa edinýän paýly gurluşygyň obýektine talap bildirmek hukugynyň bahasy hakynda maglumatlar bolmalydyr.

 8.3. Paýçynyň Şertnama boýunça talabyň başga birine berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

9. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

9.1. “Paýçy” şu aşakdakylara hukuklydyr:

9.1.1. paýly gurluşygyň obýektine degişli bolan tassyklanan taslama resminamalary bilen tanyşmaklyga;

9.1.2. taslama beýannamasy hakynda doly maglumat almaga;

9.1.3. gurluşyga barmaga we gurluşygyň gidişi bilen tanyşmaga;

9.1.4. “Gurujydan” ýazmaça ýüz tutmak bilen, Paýly gurluşyk obýektiniň gurluşygynyň gidişi, ulanylmaga berilmeginiň möhletleri hakynda maglumatlary almaga;

9.1.5. “Gurujydan” paýly gurluşygyň obýektine eýeçilik hukugyny resmileşdirmegi üçin zerur bolan resminamalary almaga;

9.1.6. “Gurujydan” paýly gurluşygyň obýektinde hyzmat etmegiň kepillik möhletiniň bütin döwründe ýetmezçilikleriň aýrylmagyny we şol sanda hil taýdan ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegini talap etmäge;

9.1.7. “Gurujy” tarapyndan şu Şertnamada göz öňünde tutulan öz üstüne alan borçnamalarynyň berjaý edilmedigi ýa-da berjaý edilip bilinmejegi ýüze çykan halatynda, şu Şertnamany bozmaga;

9.1.8. ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy netijesinde gurujy tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp bilinmedik mahalynda ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryja özbaşdak ýüz tutmaga;

9.1.9. Türkmenistanyň kanunçylykda bellenilen halatlarda şu şertnamany ýatyrmaga.

9.2. “Paýçy” şu aşakdakylara borçludyr:

9.2.1. Şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda pul serişdelerini tölemäge;

9.2.2. Paýly gurluşygyň obýekti berilmäge taýýar bolan mahalynda bu obýekti kabul etmäge;

9.2.3. Paýly gurluşygyň obýektiň Kabul ediş-tabşyryş pursatyndan başlap bir aýdan gijä galman “Gurujydan” degişli resminamalary almaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde eýeçilik hukugyny resmileşdirmäge;

9.2.4. Ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň saklanylmagyny we ulanylmagyny amala aşyrýan degişli gurama bilen bir aý möhletde şertnama baglaşmaga.

 

9.3. “Gurujy” şu aşakdakylara hukuklydyr:

9.3.1. Paýly gurluşygyň obýektiň gurluşygynyň meýilnamalaşdyrylýan ýerindäki resmi metbugatda taslama beýannamasyny çap etmäge we “Paýçydan” Şertnamanyň baglaşylmagy, şeýle hem ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan resminamalary almaga;

9.3.2. “Paýçydan” şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda pul serişdelerini almaga;

9.3.3. “Paýçy” tarapyndan şu Şertnamada göz öňünde tutulan öz üstüne alan borçnamalary berjaý edilmedik halatynda şu Şertnamany bozmaga;

9.3.4. “Paýçy” paýly gurluşyk hakynda Şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyran halatynda bellenilen tertipde “Paýçyny” başga şahs bilen çalyşmaga ýa-da paýly gurluşygyň obýektini satmaga.

 

9.4. Gurujy aşakdakylara borçludyr:

9.4.1. “Paýçynyň” pul serişdeleriniň hasabyna paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygyny şu Şertnamada bellenen möhletde taslama resminamalaryna laýyklykda üpjün etmäge;

9.4.2. Gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilmegine tehniki gözegçiligiň geçirilmegini üpjün etmäge;

9.4.3. “Paýçy” tarapyndan Ýörite bank hasaba geçirilen pul serişdelerini diňe maksatlaýyn wezipesi boýunça peýdalanmaga;

9.4.4. Hususy, şeýle hem çekilen serişdeleri peýdalanmak bilen, paýly gurluşygyň obýektiniň  gurluşygynyň umumy maliýeleşdirilmegini amala aşyrmaga;

9.4.5. “Paýçy” ýüz tutan mahalynda gurluşygyň barşy, gurluşygyň möhletine täsir edýän ýagdaýlar barada habar bermäge, şeýle hem oňa Şertnamada göz öňünde tutulan başga maglumatlary habar bermäge;

9.4.6. Paýly gurluşygyň obýektinde oturdylan enjamlaryň abatlygyny “Paýça” geçýänçä üpjün etmäge;

9.4.7. Paýly gurluşygyň obýektini Şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde ulanyşa tabşyrmaga;

9.4.8. Paýly gurluşygyň obýekti ulanyşa tabşyrylandan soňra, paýly gurluşygyň obýektiniň Kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekmäge we “Paýça” bellenen tertipde bermäge;

9.4.9. Paýly gurluşygyň tabşyrylan obýektinde ýüze çykarylan we Kabul         ediş-tabşyryş ykrarhatynda beýan edilen ýa-da kepillik döwründe üsti açylan kemçilikleri  düzetmäge;

9.4.10. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen gozgalmaýan emläge degişli obýektleriň paýly gurluşygyny amala aşyrmak üçin ýer bölegine bolan hukugyny, şeýle hem gurluşygy tamamlanan (gurluşygy tamamlanmadyk) paýly gurluşygyň obýektine bolan  hukugyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmaga.

 

10. Şertnamanyň üýtgedilmegi we ýatyrylmagy

 

10.1. Şertnamanyň şertleri “Taraplaryň” ylalaşygy boýunça üýtgedilip bilner. Şertnama üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi   “Taraplaryň” arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde baglaşylýan we notarial tertipde tassyklanan, Ygtyýarlyk berlen edarada hasaba we döwlet belligine alynýan goşmaça ylalaşyk arkaly amala aşyrylýar.

10.2. “Paýçynyň” şu aşakdaky halatlarda  1 (bir) aý öňünden ýazmaça görnüşde habarnama iberip, Şertnamany möhletinden öň bozmagy talap etmäge hukugy bardyr:

a) “Gurujy” tarapyndan paýly gurluşygyň obýektiniň tabşyrylmagy boýunça borçnama laýyklykda şu Şertnamada bellenilen obýektiň tabşyrylmaly möhletinden üç aý geçýän möhletde ýerine ýetirilmese;

b) “Gurujy” tarapyndan şu Şertnamanyň 7.6. bendinde göz öňünde tutulan borçlar ýerine ýetirilmese;

ç)  paýly gurluşygyň obýektiniň hiline bildirilýän talaplar bozulsa;

d) paýly gurluşygyň obýektiniň düzümine girýän, gozgalmaýan emläge degişli gurulýan obýektiň taslama resminamalary, şeýle hem  paýly gurluşygyň obýektiniň möçberi üýtgedilse;

e)  şu Şertnamanyň başga şertleri berjaý edilmese.

10.3. “Gurujy” şu aşakdaky halatlarda  1 (bir) aý öňünden ýazmaça görnüşde habarnama iberip, Şertnamany möhletinden öň bozmagy talap etmäge hukugy bardyr:

a) şu  Şertnama boýunça tölegleriň geçirilmeginiň onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan 2-nji goşundysynda bellenen tertibiň bozulmagy, ýagny on iki aýyň dowamynda iki gezekden köp bozulan halatynda;

b) Şertnama laýyklykda paýly gurluşygyň obýekti üçin tölegiň hasabyna pul serişdeleriniň geçirilmeginiň bellenen töleniş möhleti yzygiderli iki gezek geçirilende.

10.4. Taraplar Şertnamany ýatyran halatynda gurujy bu Şertnamanyň hasaba alynmagyny amala aşyran ygtyýarlyk berlen edara ýedi iş gününiň dowamynda Şertnamanyň ýatyrylandygy barada habar bermäge borçludyr.

10.5. Eger Taraplar Şertnamany möhletinden öň ýatyrmak barada belli bir ylalaşyga gelmeseler ýa-da bir Tarapyň Şertnamany möhletinden öň ýatyrmak barada teklibini beýleki Tarap red eden halatynda ýa-da bu baradaky teklibe bir aýyň dowamynda jogap berilmedik halatynda Şertnamany ýatyrmak isleýän Tarap Şertnamany möhletinden öň ýatyrmak barada hak isleg arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

 

11. Paýçylara pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmeginiň tertibi

 

11.1. Şu Şertnama ýatyrylan halatynda, “Gurujy” Şertnama ýatyrylandan  soň ýigrimi iş gününiň dowamynda “Paýça” obýektiň bahasynyň hasabyna tölän pul serişdelerini gaýtaryp bermäge borçludyr.

11.2. Pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmegi üçin “Paýçy” “Guruja” paýly gurluşygyň alnyp barlan döwründe tölegleriň geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamalarynyň göçürme nusgalaryny gowşurýar, şolaryň esasynda “Gurujy” tarapyndan pul serişdelerini gaýtarylyp berilmeginiň sanawnamasy düzülýär. Şertnama ýatyrylanda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Şertnamada göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda “Paýça” gaýtarylmaga degişli pul serişdeleri  Ýörite bank hasabyna geçirilip, karz edarasy tarapyndan degişli resminamalaryň esasynda öz eýelerine gaýtarylyp berilýär.

11.3. Ýörite bank hasabyna geçirilen pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmegi “Paýçynyň” arzasy esasynda amala aşyrylýar. Şonda eger Şertnama “Paýçynyň” öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli ýatyrylan halatynda, “Paýçy” tarapyndan ähli hyzmatlar üçin tölenen pul serişdeleri oňa gaýtarylmaga degişli däldir. Eger-de Şertnama “Gurujynyň” öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli  ýatyrylan halatynda, “Paýçy” tarapyndan geçirlen pul serişdeleri doly möçberde yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

11.4. “Paýçy” tarapyndan Paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň hasabyna tölenen pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmegi “Gurujy” tarapyndan Şertnamanyň ýatyrylan gününden başlap ýigrimi iş gününiň dowamynda amala aşyrylmalydyr. Pul serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylyp berilmedik halatynda, “Gurujy” her möhleti geçen gün üçin gaýtarylyp berilmeli pul serişdeleriniň jeminiň 0,03 göterim möçberinde puşmana töleglerini  tölemeklige borçludyr.

 

12.  Ulanylýan kanunçylyk

 

12.1. Şertnama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär,  düşünilýär we düşündirilýär. 

 

13. Taraplaryň jogapkärçiligi

 

13.1. “Gurujy”  tarapyndan Şertnamalaýyn borçnamalaryň bozulmagy üçin “Paýça” şu aşakdaky jerimeleri tölemelidir:

a) “Gurujynyň” günäsi bilen gurluşygyň Şertnamada görkezilen möhletinde (aýynda) tamamlanmandygy üçin – indiki aýdan başlap duşdan geçirilen her gün üçin Şertnamanyň bahasy 0,03 göterim möçberinde azaldylýar;

b) “Gurujy” tarapyndan kemçilikler öz wagtynda düzedilmedik mahalynda “Paýçy” “Gurujynyň” hasabyna  kemçilikleri öz güýçleri bilen düzetmäge haklydyr. Bu halatlarda “Gurujy” tarapyndan tölenilýän puşmany tölegleriň möçberi Şertnamanyň umumy bahasynyň 10 (on) göteriminden ýokary geçmeli däldir.

Kemçilikleri düzetmek üçin “Paýçy” tarapyndan kesgitlenilýän möhlet paýhasly esasda kesgitlenmelidir we bu işleri ýerine ýetirmek üçin ýeterlik bolmalydyr.

13.2. “Paýçy” tarapyndan Şertnamalaýyn borçnamalaryň bozulmagy üçin ol “Guruja” şu aşakdaky jerimeleri töleýär:

a) Paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň tölegleri (Şertnamanyň 2-nji goşundysyna laýyklykda Paýçy tarapyndan tapgyrlaýyn tölemeli tölegleriň tertibinde bellenilen möhletlerde) “Paýçynyň” günäsi bilen wagtynda geçirilmedigi üçin – duşdan geçirilen her gün üçin tölenmäge degişli puşmana tölegiň möçberi Şertnamanyň bahasynyň 0,03 göterim möçberinde  bellenilýär.

Ýokarda görkezilen halatlar boýunça “Paýçy” tarapyndan tölenilýän puşmany tölegleriň möçberi Şertnamanyň umumy bahasynyň 10 (on) göteriminden ýokary geçmeli däldir.

13.3. Şertnamanyň şertleriniň talaba laýyk berjaý edilmezligi üçin “Taraplar” şahsy jogapkärçilik çekýärler.

13.4. Şertnamadan ýa-da onuň bilen baglanşykly ýüze çykyp biljek ähli jedeller we düşünişmezlikler “Taraplaryň” arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler arkaly çözülmelidir. Özara gepleşikleriň netijesinde ylalaşyk gazanylmadyk halatynda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tarapyndan çözülýär.

 13.5. Türkmenistanyň kazyýetiniň kanuny güýjüne giren çözgüdi “Taraplar” üçin ýerine ýetirilmegi hökmanydyr we ol gutarnyklydyr.

 

  14. Fors-mažor

 

14.1. Ýeňip geçip bolmaýan güýçleriň (fors-mažor) netijesi bilen ýüze çykan ýagdaýlaryň bolandygy we “Taraplara” bagly bolmadyk sebäpleriň netijesinde gurluşygyň möhletinde berjaý edilmezliginde “Taraplaryň” günäsiniň bolmadyk halatynda, Şertnama boýunça borçnamalaryň berjaý edilmeli möhleti şol ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe togtadylýar we şeýle ýagdaýlaryň netijesinde ýetirlen zyýanyň möçberinden ugur alnyp, Şertnamanyň möhletine täzeden seredilip bilner. Şunda görkezilen ýagdaýlaryň netijesinde ýetirilen zyýanyň möçberi Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

14.2. Eger “Paýçy” tarapyndan borçnamalaryny berjaý edip bilmezliginiň ýeňip geçip bolmaýan güýçleriň (fors-mažor)  netijesinde bolandygyny subut edilen halatynda, ol öz borçnamalaryny doly ýa-da bölekleýin berjaý etmänligi üçin jogapkärçilikden boşadylýar. 

14.3. Eger “Gurujy” borçnamalary berjaý edip bilmezligi ýeňip geçip bolmaýan güýçleriň (fors-mažor) netijesinde bolandygyny subut eden halatynda, ol öz borçnamalaryny doly ýa-da bölekleýin berjaý etmänligi üçin jogapkärçilikden boşadylýar.

 

15. Jemleýji düzgünler

 

15.1. Şu Şertnama “Taraplaryň” gol çekip, Türkmenistanyň gurluşyk babatynda ygtyýarlyk berlen edarada hasaba alnan senesinden başlap we Taraplaryň öz üstüne alan borçnamalary doly berjaý edilýänçä hereket edýär.

15.1.1.Şu Şertnama we oňa goşulan goşmaça ylalaşyklar Ygtyýarlyk berlen edarada hasaba we döwlet belligine alynmaga degişlidir.

15.2. Şu Şertnamanyň ähli goşundylary, goşmaça ylalaşyklary onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

15.3. Şu Şertnamanyň goşundylary aşakdakylardyr:

1-nji  goşundy: “Paýly gurluşygyň obýektiniň häsiýetnamasy”;

2-nji goşundy: “Tölegleriň tertibi”.

 15.4. Şu Şertnama bäş sany deň hukuk güýje eýe bolan asyl nusgada düzülendir. Nusgalary döwlet notarial edarasyna, Türkmenistanyň gurluşyk babatynda ygtyýarlyk berlen edarasyna, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onyň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga we “Taraplaryň” her birine bir nusgadan berilýär.

 

16. “Taraplaryň” salgylary we bank maglumatlary

“Paýçy”

____________________________________________

raýatyň, hususy telekeçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady,

_____________________________________________________________________

 ýuridik şahsyň ady

Bank maglumatlary:

 

Salgysy:________________________

 

Paýçy ________________________

                   familiýasy, ady, atasynyň ady we goly                                             

“Gurujy”

____________________________________

gurujynyň ady

Bank maglumatlary:

Salgysy:_________________________________

Ýolbaşçy________________________________

               familiýasy, ady, atasynyň ady  we goly 

                     

                                                                                                        M.Ý.

 

 

 

                                                                                                     Paýly gurluşyga gatnaşmagyň

                                                                                                     Şertnamasyna 1-nji goşundy

       

____________________________________________________________________

                                   (paýly gurluşygyň obýektiniň ady)

 

                                   Paýly gurluşygyň obýektiniň häsiýetnamasy

 

Paýly gurluşygyň obýekti _________________________________________________________

__________________________________________________________ ýerleşýär,

                                görkezmeli: ýaşaýyş jaýynda ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektinde

 

gurluşyk seriýasy ____________________________________________________, ____________________________________________________________________________________
                                                                                        ilatly nokadyň ady

______________________________________________________ köçesinde

 

(_____________________________ etrapçasynda) jaý №______, bina____ ýerleşýär.

 

ýaşaýyş jaýynda ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektde bar bolan gozgalmaýan emläk:__________________________________________________________________tehniki gat _____________________________________________________________

liftler ___________________________________________________________________

awtoulaglaryň duralgasy __________________________________________________

ammarlar ______________________________________________________________

_____________________________________________________________________

ýaşaýyş, dükanlar üçin ýa-da başga jaýlar

 

we beýlekiler____________________________________________________________

Paýly gurluşygyň obýektiniň umumy meýdany __________ inedördül metre barabar bolup, _________ otagdan ybarat, kömekçi jaýlarynyň umumy meýdany inedördül ___________________________________________________________metre barabar,

eger öý bolsa – ýaşaýyş meýdanyny, aşhananyň, wannaly otagyň, hajathananyň, eýwanyň meýdanyny görkezmeli

 

Pollary_________________________________________________________________

parket, linoleun, başga

Diwarlary______________________________________________________________

suwagdan, oboýlar, reňklenen, başga

Girelge gapylary _______________, içki gapylary _____________________________

 

Penjireleri ______________________________________________________________

 

Potoloklary _____________________________________________________________

 

Arassaçylyk-tehniki enjamlary______________________________________________

 

Beýleki enjamlary________________________________________________________

 

Paýçy ____________________                                  Gurujy _____________________

 familiýasy, ady, atasynyň ady we goly                          familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly

                                                                                                                                                                     M.Ý.   

 

 

                                                                                                Paýly gurluşyga gatnaşmagyň

                                                                                                    Şertnamasyna 2-nji goşundy  

 

 

                                                                   Tölegleriň tertibi

 

Paýly gurluşygyň obýekti

________________________________________________________________________

görkezmeli: ýaşaýyş jaýynda ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektinde

_____________________________________________________________ köçesinde,

_____________________________________________ etrapçasynda, toplumynda

__________________________________________________________ ýerleşýär.
ilatly nokadyň ady

 

Tölegleri geçirmegiň möhleti

Tölegiň möçberi,

müň manat

Bellikler

ýyly

aýy

Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin

Gurujynyň  hyzmatlary üçin

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Nobatdaky tölegler geçirilýär:

Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin - Gurujynyň Ýörite bank hasabyna

№________________________               _______________________________ bankda

 

 

Paýçy ____________________                                    Gurujy  _________________

  familiýasy, ady, atasynyň ady  we goly                       familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly

                                                                                                                                                   M.Ý.