Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
June 2018
 

Awtoulaglarda ýük daşamakda çenlik bahalarynyň analitik kesgitlenilişi

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele  getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi
M.Serdarow, Döwlet müdirliginiň başlygy;
P.Niýazgulyýew, Gurluşyk kadalary müdirliginiň başlygy;
E.S.Abdylhekimow, Mehanizmleri ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary

          Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz atalyk aladasy bilen, Garaşsyz döwletimiziň şertlerinde hem-de geçiriljek 5-nji Aziýa oýunlarynyň öňsyrasynda giňden alynyp barylýan gurluşyk özgertmelerine çenlik bahalary we awtoulaglarda ýük daşamakda aýratyn çenlik bahalaryny  anyk keskitlemekde aýratyn talaplary öňümizde goýýar. Häzirki wagtda hereket edýän № 17/2-2010-yň Nyrhnamasy, awtoulaglary  ulanmakda hakyky bolýan şertleri görkezilmeýär: Könelmäni doly dikeltmek üçin tutumlary, ýoluň klasy (ýoluň örtme görnüşi), hereket etmegiň şertleri (şäher, şäher daşlygy) we ş.m., awtoulaglarda ýükleri daşamakda çenlik bahany anyklaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gurluşykda Milli çenligiň kadaly esasyny işläp taýýarlamak barada»  2005-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky №7518 kararyna laýyklykda, häzirki  derňeme awtoulaglarda ýükleri daşamakda çenilik bahasyny analitik kesgitlemegi synanşmaga alyp barýar.

          Awtoulaglarda ýükleri daşamakda çenlik bahasy kesgitlenen aralykda 1 tonna ýüki eltmegi öz içine almak bilen, ýönekeý sada aňlatma bilen görkezmek bolar.

               (1)

         bu ýerde:

         Bmаş – maşynlary ulanmagyň çenlik bahasy (maşynlary ulanmagyň 1 maş.-sag bahasy), man./maş.-sag;

         Wu – geçilen araçägiň umumy kadaly wagty, sag;

         Ý – awtoulagyň ýük göterijiligi, t.

         Awtoulagy ulanmaklygyň (Bmаş) çenlik bahasy [1] laýyklykda kesgitlenilýär, ýük göterijiligi (Ý) awtoulagyň tehniki resminamalarynda berilýär. Şeýlelikde umumy kadaly wagtyň geçilen araçägi, awtoulaglary ulanmagyň wagty hem-de şerti bilen kesgitlmek, goýulan meselaniň çozgüdi üçin  esas bolýar.

         Geçilen araçägiň kadaly  wagtyny Wu  şeýle kesgiläp bolar:

                (2)

         Bu berde:

         Wn – geçilen araçägiň kadaly wagtyny (känden daşary  ýük daşaýan awtoulaglar üçin), anyklaýan formulasy:

                (3)

         ΔWak – awtoulag kärhanasyndan birinji ýüklenýän ýerine hem-de soňky ýük düşürýän ýerinden awtoulag kärhanasyna (her gatnawyna) ýüksiz   geçýän  araçäk wagtynyň paýy, sag.

         (3) - nji formulada:

         Wş – şäher ýollarynda geçilen wagt (aňryk we bärik), sag;

         Wşd – şäher daşynyň ýollarynda geçilen wagt (aňryk we bärik), sag;

         Wýd – awtoulaglara ýüki ýüklemek we düşürmek üçin gerek bolan ýönekeý wagt, sag;

         Ondan hem başga:

         ;

         ,

         bu ýerde: Sş, Sşd, Vş, Vşd – şäher boýunça  we şäher daşy boýunça  awtoulagda ýüki daşamagyň bilelikdäki hasaplanan hereketdäki kadaly tizligi hem-de geçen ýoly, km, km/sag awtoulagyň hereketdäki hasaplanan kadaly tizligini [2] boýunça kesgitläp bolar.

         Ýüksiz geçen ýolunyň wagtynyň paýyny (ΔWak) şu formula boýunça kesgitlenilýär:

                (4)

        bu ýerde:

        Wak – awtoulag kärhanasyndan ilkinji ýüklenýän yerine çenli hem-de sonky ýüki düsürýän ýerinden awtoulag kärhanasyna çenli aralygy geçmek üçin kadaly wagt, sag;

        Gs – iş smenasynda gatnawlaryň sany, gatnaw.

        Geçilen aralygyň kadaly wagty Wak (4) formulada, aşakdaky görnüşde kesgitlenilýär:

                (5)

         bu ýerde:

         Sab – awtoulag kärhanasyndan ýükiň birinji ýüklenmeli ýerine çenli aralyk, km;       
         Sas – ýükiň soňky düşürilen ýerinden awtoulag kärhanasyna çenli aralyk, km;
         Vş – awtoulag kärhanasyndan ilkinji ýüklenýän yerine çenli hem-de sonky ýüki düsürýän ýerinden awtoulag kärhanasyna çenli herketiň kadaly tizligini awtoulagyň hereketiniň  tizligini şäher ýoly boýunça deňäp alynýar, km/sag.

         Iş smenasynda gatnawyň sany, Gs  (4) formulasynda, indiki görnüşde kesgitlenilýär:

                (6)

        bu ýerde:

        Wn – geçilen araçägiň kadaly wagtyny (3) formula kesgitleýär, sag;

        Wd – bir iş smenasynda ýüki daşamak üçin gerek bolan wagt, sag, aşakdaky görnüşde kesgitlenýär:

                (7)

         bu ýerde:

         Ds – iş smenanyň dowamlylygy, sag;

         Wak – (5) - nji formulasynda kesgitlenilýär, sag.   

        (7) - nji formulanyň yzygiderligini (6)-da,  şeýle hem  (6) we (5) formulalaryň yzygiderliklerini (4)-e hem-de (4) we (3) formulalaryň yzygiderliklerini (2)-de goýup,  Wş we Wşd belliklerini  göz öňünde tutmak bilen, netijede umumy kadaly araçägiň wagty üçin gutarnykly gerek bolan täze gornüşi Wu alarys:

                (8)

         Şonda känden daşary, awtoulaglarda ýükleri daşamaklygyň çenlik bahasy üçin ýazyp bileris:

                (9)

         Känden ýükleri daşamaklygyň (çagyl, ýuwulan çäge we ş.m.) özboluşly aýratyn spesifikasiýasy bolup,  şol  awtoulag üçin  amala aşyrylýan araçägiň kadaly  wagtyny Wn (2) formulasynda aşakdaky görnüşde kesgitlenýär:

                 (10)

         bu ýerde:

         Wýk – kände ýüki ýüklemek üçin gerek bolan  ýönekeý  wagty, sag;

         Wk – känden gidip,yzyna gaýtmak üçin gerek bolan wagty, sag, aşakdaky görnüşde kesgitlenilýär:     

                (11)

         bu ýerde:

         Sk, Vk – känden gidip,yzyna gaýtmak üçin awtoulagyň geçen araçägi we hasaplanan kadaly hereketiniň tizligi.

         (7) - nji formulanyň yzygiderligini (6)-da, şeýle hem  (6) we (5) formulalaryň yzygiderliklerini (4)-e, (11) formulany  (10)-da hem-de  şuňa meňzeş  (4) we (10) formulalary (2)- goýup, netijede awtoulagyň känden ýüki daşamagynyň umumy kadaly araçäginiň wagty üçin gutarnykly gerek bolan täze gornüşi Wuk alarys:

               (12)

         Şonda känden  awtoulaglarda ýükleri daşamaklygyň çenlik bahasy üçin ýazyp bileris:

                (13)

        Ýüküni özi düşürýän, ýük göterijiligi Ý = 15 ton bolan awtoulagyň känden daşary ýük daşamakda çenlik bahasyny hasaplamak üçin  praktiki taýdan goşmaça we anyk beýan etmek maksady bilen mysal getireliň.

         Ilkinji maglumat:

        1. Ýük göterijiligi 15 t bolan ýüküni özi düşürýän awtoulagy  ulanmakda çenlik bahasyny (Bmaş), Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri Döwlet müdirliginiň 2012 – 2014 ýyllarda  tapgyrlaýyn geçiren seljermesi we [1]  laýyklykda ýerine ýetirelen  kalkulýasiýalar boýunça 1 maşyn-sagada ähmiýeti boýunça ortaçadeň bellenen  ölçeggörnüşli  ýüküni özi düşürýän awtoulagy  ulanmakda, 79,11 man./maş.-sag düzýär.

         2. Ds  iş smenanyň dowamlylygyny 8 sag deň diýilip kabul edilýär;

         3. Ýük daşamagyň ilkinji 10 km şäher  ýoly  boýunça  Vş = 24 km/sag  tizlik bilen  geçip, ýoluň galan bölegini şäher daşy boyunça Vşd = 49 km/sag tizlik bilen geçýär.

         4. Awtoulag kärhanasyndan birinji ýüklenýän ýerine hem-de soňky ýük düşürýän ýerinden awtoulag kärhanasyna aralygy, birmeňzeş we 5 km deň diýip kabul edilýär.  Bellenen araçägi Vş = 24 km/sag tizlik bilen şäher ýoly boýunça geçýär.

         5. Ýüküni özi düşürýän awtoula 1 tonna ýüki ýüklemegiň  kadaly wagty       1 minuda deň bolsa, onda ýük göterijiligi 15 t ybarat bolan ýüküni özi düşürýän awtoula ýüki ýüklemek üçin gerek bolan ýönekeý watyny (Wýd) aşakdaky görnüşde kesgitlenýär: 

Onda ýük daşamakda kesgitlenen aralyklara:

 

        

         Tablisada çenlik baha (Ça) ýüküň 1-nji klasyna laýyklykda görkezilýär.      2-nji, 3-nji, we 4-nji klasly ýükler üçin hökmany ýagdaýda 1-nji klasly ýüki daşamaklygyň çenlik bahasynyň ululygyna (№17/2-2010 nyrhnamasyna) laýyklykda  0,85, 0,605, we 0,45 bölmeli.

(8), (9), (12), (13) aňladyjylar özlerinde göniçyzykly funksiýanyň görnüşini saklap, (sur.1) gurulan tablissanyň hasplamalarynyň netijeleri boýunça  grafikdäki funksiýany aýdyň tassyklaýar.

         Sur.1-da görnüşi ýaly [3] tizligiň düzgüni üýtgände funksiýa döwük nokada duçar bolýar - şäher şertiniň çalyşma ýagdaýynda hereketi (24 km/sag),  şäher daşynda  (49 km/sag).  Şeýle hem döwük  nokat ýoluň örtük görnüşleriniň çalyşmasynda  hem (asfaltbetonly, çagylly, toprakly) duş geler. Birmeňzeş delilleriň artmasynda (S) birmeňzeş funksiýalaryň (Wu, Ça, Çak) artmasynda  göni çyzykly funksiýa çak edilip, Wu, Ça, Çak iň has ýönekeý usulda hasaplanylýar. Meselem berilen olçeggörnüşdäki ýüki özi düşürýän awtoulag, känden daşary ýük daşamagy amala aşyrmakda S = 1 km  Wu artmasy 0,088 sag we 0,043 sag düzer,   şäher we şäher daşy üçin Ça – 0,46 ман./т и 0,23 ман./т artmasy hereketiniň şertlerine  laýyklykda.

         Görkezilen derňeme gurluşykda Milli çenlik-kadalarynyň binýadynyň elementleriniň düzümini ýüze çykarýan  awtoulaglarda ýük daşamakda  çenlik bahasynyň Ýygyndysyny düzmek üçin hyzmat edýän, öz gezeginde  awtoulaglarda ýük daşamakda  çenlik bahalaryny kesgitlemek boýunça işlenip taýýarlanan Usuly görkezmesinde   ulanylan bolmagy mümkin.

________________________________________________________________

Edebiýat:

1. Gurluşyk maşynlaryny we awtoulag serişdelerini ulanmaklygyň çenlik kadalaryny we bahalaryny işläp taýýarlamak boýunça usulyýet görkezmeleri.  GUR 4.03-14: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi, Aşgabat, 2014.

2. Нагаева И.Д., Улицкая И.М. Организация и оплата труда на автомобильном транспорте. – М.: Транспорт, 1989.

3. Бронштейн И.Н. и Семендяев К.А. Справочник по математике. М.: Наука, 1964 г.

 

Žurnal «Altyn Asyryň ykdysadyýeti», №7, 2014 ý.