Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
 
February 2018
 

Hormatly ýaşululary gutlaýarys!

2008-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkara ýaşulular gününi” bellemek barada karara gol çekdi. Türkmenler öz milli däp-dessuryna, “Ulusyny sylan beg bolar” diýen nakyla eýerip herbir işe başlanda ýaşulularyň göreldesine eýerýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dürli maksatly binalaryň düýbi tutulanda we gurluşygy tamamlananda bu dabaralara ýaşulular hem gatnaşýarlar.

Munuň özi Döwlet Baştutanymyzyň dilleri senaly ýaşulularymyza,mährem enelerimize bildirýän aýratyn hormatynyň güwäsidir.

Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň işgärleri administrasiýanyň we kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçylygynda döwlet müdirliginiň hormatly pensioner işgärlerini Ýaşulularyň halkara güni bilen gyzgyn gutladylar.

Ýaşy bir çene baran kärdeşlere uzak wagtlap netijeli we göreldeli zähmet ýoly üçin mähirli sözler aýdyldy.

Olara jan saglygyny we uzak ömri arzuw etmek bilen gyzyl gülleri we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly ýaşulular!

Goý, siziň ýakynlaryňyz we dogan-garyndaşlaryňyz sizi penasynda saklasynlar!

Goý, döwlet we jemgyýet tarapyndan alada edilmegi Siziň durmuşyňyzy öňküden-de gowulandyrsyn, kalbyňyzy şatlykdan doldursyn!