Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
June 2018
 

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda gurlan täze desgalaryň açylmagyna bagyşlanan dabaralar boldy.

Täze binalaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 23 ýyllygyna bagyşlanan açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň täsirliligini we öwüşginlerini artdyrdy. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly seneler mynasybetli öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli binalaryň we desgalaryň ulanylmaga berilmegi türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň, durmuş ösüşiniň artýandygyny aýdyň görkezýän däbe öwrüldi hem-de ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň geriminde öz beýanyny tapýar.

Aşgabatda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy beýik ymaratly we binagärlik toplumly şäheriň täsin galdyrýan keşbiniň döredilmegine ýardam berýär. Täze binalaryň gurluşygy dowam edip, özüniň gerimi, ajaýyplygy we durmuş üçin niýetlenendigi bilen paýtagtymyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Aşgabadyň has gözel künjekleri Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy, şunda türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy.

Munuň özi türkmen paýtagtyny ösdürmekde gazanylan uly üstünlikleriň we ajaýyp netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýän ýene-de bir subutnamadyr, bu günki dabaralary döredijilikli çärelere beslemek arkaly paýtagtymyza bolan buýsanç äşgär edildi. Şunda halkymyzyň medeni däp-dessurlarynyň we Türkmenistanyň häzirki döwürdäki sungatynyň baýlygy, onuň dürli görnüşleri, zehinleriň täsirli çykyşlary görkezildi. Ýöne esasy zat, şu baýramçylyk dabaralarynyň ählisinde aşgabatlylaryň öz şäherine söýgüsi beýan edildi...

Açylyş dabaralary A.Nyýazow şaýolunyň düýpgöter özgeren böleginde bolup geçdi. Bu şaýoluň ugrunda paýtagtymyzyň belent ýaşaýyş jaýlaryndan, edara binalaryndan, durmuş-medeni maksatly desgalardan we döwrebap düzümden ybarat bolan täze künjegi döredildi.

Dabara mynasybetli, şu gün irden bu ýerde ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Hemmeler dabaranyň başlanmagyna garaşýarlar. Bu ýere gelen milli Liderimizi ýygnananlar ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. “Oguzkent” myhmanhanasynyň ýanynda arka görnüşindäki özboluşly derweze bar, ol ak howa şarlary we “Ýoluňyz ak bolsun!” diýen ýazgy bilen bezelipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy çagalaryň döredijilik toparlary şatlykly garşylap, baýramçylyga mahsus aýdymlary we tanslary ýerine ýetirýärler.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Asylly däbe görä, milli Liderimiz hormatly ýaşulular garşylaýarlar hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesindäki köpugurly işinlde täze ajaýyp üstünlikleri Beýik biribardan dileg edýärler.

Bolup geçen söhbetdeşlikde ýaşulular döwlet Baştutanymyza ata Watanymyzyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi we türkmen halkynyň bagtýar durmuşda ýaşamagyny maksat edinýän oňyn syýasaty ýöredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Milli Liderimiz bolsa, şu meselä döwlet tarapyndan elmydama içgin üns beriljekdigini, ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň şol meseläniň çözülmiegine hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň hil taýdan täze, ýokary ülňülerine laýyk gelmeginiň üpjün edilmegine, adamlaryň döredijilikli zähmeti we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini aýtdy.

Bir topar çagalar milli Liderimizden täze ýaşaýyş jaý toplumynyň özboluşly derwezesini haýyş edýär. Olara täze jaýlara göçüp gelenler – täze ýaşaýyş jaýlarynyň 14-sinde öýleri alan maşgalalaryň wekilleri hem goşulýar. Dürli hünärli we dürli nesillere we milletlere degişli adamlar dürli dillerde eden çykyşlarynda özleriniň şatlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şu gün bu ýerde dürli pudaklarda işleýänleriň maşgalalarynyň 1072-si täze jaý toýlaryny tutýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu gün paýtagtymyzda ulanmaga berilýän täze binalaryň sanawyna bilim ulgamyna we mekdebe çenli terbiýeçilik edaralaryna degişli binalar – her biri 600 orunlyk orta mekdepleriň ikisi we her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi goşuldy. Bular döwrebap, şol sanda multimediýa kärhanalary we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi hem-de çagalary okatmak, terbiýelemek we sazlaşykly ösdürmek, mugallymlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Täze binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi, binalaryň ýanyndaky meýdançalarda çagalar üçin sport meýdançalary, dynç alynýan köpçülikleýin çäreler geçirmek üçin telärli ýörite ýerler bar.

Medeniýet we sungat ussatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne we halkymyzyň eşretli durmuşyna bagyşlanan döredijilik sowgadyny – edebi-sazly kompozisiýany taýýarlapdyrlar.

Döwlet Baştutanymyz joşgunly çykyşlar we ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, durmuş-medeni maksatly binalaryň açylmagyna we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň durky düýpgöter täzelenen bölegi boýunça ulaglaryň hereketine badalga berýär.

Bu günki gün paýtagtymyzyň bu awtoulag ýoly, beýleki gatnawly ýollar ýaly, giň gerimli şäher gurluşyk maksatnamasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, şol sanda ulag düzüminiň ösdürilmegi netijesinde täze keşbe eýe bolýan ýurdumyzyň baş şäheriniň ýene-de bir gözel künjegine öwrülýär.

Bu şaýoluň Bitarap Türkmenistan we Görogly şaýollarynyň arasynda iki kilometrden gowrak aralyga uzalyp gidýän täze bölegi awtoulaglaryň hereketini düzgünleşdirmegiň döwrebap ulgamlary hem-de energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, ýoly yşyklandyryjylar, maglumat berýän tablolar bilen üpjün edilip, döwrüň talaplaryna dolulygyna laýyk gelýär. Bu ýerde gatnawly böleginiň we ýanýodalaryň zolaklarynyň örtüklerini täzelemek boýunça işler geçirildi hem-de granit daşlar bilen örtüldi. Şeýle hem ýanýodalaryň we ýollaryň gatnawly böleginiň gyralary granit daşalardan edildi. Şaýoluň ugrunda bezeg üçin agaç nahallary hem –de ösümlikler oturdyldy.

Ýoluň gatnawly böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her bir ugra tarap hereket etmek üçin dört sany zolak bar. Goşmaça ýollar bilen birlikde şaýoluň ini 50 metre golaýlaýar. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy ýoldaky ulaglaryň sanyny azaldyp, awtoulagyň ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine, kafe, restoranlara we şaýoluň ugrunda ýerleşýän beýleki binalara barmagyny aňsatlaşdyrýar.

Ýoluň bu böleginde pyýadalar üçin ýerasty geçelgeleriň 6-sy we awtoulaglar üçin ýerasty geçelge guruldy. Ýoluň ugrunda döwrebap bezelip, zerur bolan enjamlaryň ählisi, şol sanda ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan işläp, howany tämizleýji we ýyladyjy ulgamlar bilen üpjün edildi, munuň özi ulaga garaşýan ýolagçylar üçin örän oňaýly şertleri döreder.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde, häzirki zaman, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek bilen baglylykda, paýtagtymyzdaky awtoulag ýolunyň ýol gurluşygy boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gurlan we ähli ölçegleri boýunça has ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän nobatdaky böleginiň ulanmaga berilmegi örän uly ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen birlikde şaýolunyň ugrundan ýöräp, onuň keşbini synlaýar. Milli Liderimiz çagalara şu günki waka mynasybetli ýadygärlik hökmünde sowgatlary gowşuryp, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň 12 gatly binasyna tarap ugrady. Şanly waka mynasybetli ýaşajyk skripkaçylar ajaýyp çykyşy ýerine ýetirdiler. Ussatlyk bilen çalnan sazlaryň owazy bu günki dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesdi we onuň içine girdi.

... Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen, durnukly ykdysady ösüşiň kemala gelmegini nazarlaýan anyk ugur boýunça ynamly gadam urýar. Durmuşa geçirilýän giň möçberi özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýä ykdysadyýetine barha okgunly goşulyşýar we onuň halkara derejesindäki abraýy ýokarlanýar. Türkmenistanyň saýlap alan we durmuş-ykdysady ösüşiň oýlanyşykly hem-de ylmy esasda alnyp barylýan ýörelgelerine daýanmak bilen, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly oňyn ösüşini üpjün etdi, ýurduň raýatlarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny ugur edinýän baş syýasat üçin ygtybarly binýady kemala getirdi. Jemi içerki önümiň, onuň ilatyň jan başyna düşýän möçberleriniň sazlaşykly ösüş depginini häsiýetlendirýän ykdysadýetimiziň ösüşiň makroykdysady görkezijileri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet syýasatynyň ösüşinde häzirki döwürde sazlaşykly ösýän we onuň düzümi yzygiderli kämilleşýän maliýe ulgamyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça giň möçberli milli maksatnamalar bilen bir hatarda, pudaklaryň, şol sanla bank-maliýe ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegi häzirki zamanyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Pudagyň edaralarynyň sazlaşykly işi bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysadýetiň täzeçil ýol bilen ösüşini, onuň dünýä ykdysydy giňişligine utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. “2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň bank ulgamynyň ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi we onuň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny, bank işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny we onuň ygtybarlylygyny şertlendirýär.

Ýurdumyzyň bank edaralary milli manadyň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň durnukly dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň pul serişdeleriniň önümçilik üçin maýa goýumlaryna peýdalanmagy babatda häzirkizaman maliýe dolanyşygyny özleşdirmek boýunça öňde durýan wezipelere üstünlikli amal edýärler. Pudagyň hünärmenleri pul goýýanlaryň we maýadarlaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly işleri alyp barýarlar. Munuň özi bank ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ilatyň serişdelerini önümçilige maýa goýmak üçin ulanmagyny üpjün etmekden, olara karz serişdelerini berkitmekden, ykdysadyýeti, ilkinji nobatda bolsa onuň ileri tutulýan pudaklaryny karzlaşdyrmagyň möçberlerini ýokarlandyrmakdan, milli, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybaratdyr.

Halkara ülňülerine laýyklykda, bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar. Banklaryň döwrebap edara binalary yzygiderli gurulýar, olaryň maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi kämilleşdirilýär. Olar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan okuw tapgyrlaryna, maslahatlara hem-de ylmy bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň eýwanyna girdi we bankyň täze jaýy bilen tanşyp başlady. Onuň barşynda hünärmenler döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň işi hem-de bu ýerde müşderiler bilen işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu binanyň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolup, ol paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda 13 müň 30 inedördül metr meýdany eýeleýär. Täze desga Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet ösüş banky 2011-nji ýylyň sentýabrynda milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredildi. Bu çözgüt döwletimiziň täze taryhy eýýamda maýa goýum işini kämilleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Döwlet ösüş bankynyň işi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, onuň düzümleýin özgertmelerini we köpugurlylygyny ýola goýmaga, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga, telekeçileriň durmuşa geçirýän taslamalaryna uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklaryna içerki we daşarky maýalaryň çekilmegini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň üstüne Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maýa goýum taslamalaryna serişde gönükdirýän maliýe düzüm hökmünde önümçiligi ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýän kärhanalary we telekeçileri, olaryň eýeçiligine garamazdan ýeňillikli karzlaşdyrmak wezipesi ýüklenendir.

Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň milli gymmatlygynyň möhüm bölegi we asyrlaryň jümmüşinden gelýän altyn, kümüş şaý-çepleriň sergisi guraldy. Ussat zergärleriň zehininden çykan gymmatlyklaryň hatarynda ajaýyp bilezikler, gülýakalar, ýüzükler, halkalar we beýleki bezeg şaýlary, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şanly seneler mynasybetli goýberilen teňňeler, gymmat bahaly metallardan edilen we daşlar bilen bezelen şöhratly ahalteke bedewleriniň şekilleri bar.

Bu sergi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komiteti tarapyndan taýýarlanyldy. Onuň hünärmenleriniň biri bu ýerde görkezilen gymmatlyklar we düzümiň işi barada maglumat berdi. Komitet gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan bu gymmatlyklary saklamak we serişdeleri gaýtadan işlemek hem-de olaryň hasabyny ýöretmek çärelerini amala aşyrýar. Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň täze binasynda gymmatlyklary saklamagyň howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmek we müşderilere bökdençsiz hyzmata ýola goýmak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň awtomatlaşdyrylan depozit ulgamynyň täze enjamlary we onuň işi bilen tanyşdy. Ýewropanyň “Gunnebo” kompaniýasynyň iň kämil bank tehnologiýasynyň ulgama ornaşdyrylmagy oňyn çözgüt bolup durýar.

Awtomatlaşdyrylan depozit ulgamy döwrüň öňdebaryjy usuly bolup durýar. Ulgamda bir ýa-da birnäçe müşderileriň depozit öýjükleriniň ykjam ornaşmagyny üpjün edýän bölümler bar. Olar 428 öýjük bolup, 428 müşderä hyzmat etmäge ukyplydyr. Müşderi magnit kartyň we PIN koduň kömegi bilen öýjüge üç dil arkaly girip bilýär. PIN koduň girizilmegi bilen, bir minudyň dowamynda müşderiniň terminala çykmagy üpjün edilýär. Depozit öýjükleriň ammary müşderiniň girýän zolagyndan aýry saklanýar. Ammarlary doldurmagyň görnüşlerii birnäçe ölçegde teklip edilýän ugurlardan ybaratdyr. Öýjükler 20 kilograma çenli gymmatlygy saklamaga mümkinçilik berýär. Bankyň müşdürileri depozit öýjükleriň kömegi arkaly altyn, kümüş gymmatlyklary, dürli resminamalaryny saklap bilýär.

Onuň düwmesine basmak arkaly, 30 sekuntdan soň gymmatlyklar bronlanan ammarlara ýa-da ýokary derejeli goraglylygy bolan seýfe düşýär.

Bu ulgam çäkli depozit ammarlarynyň özbaşdak goraglylygyny üpjün edýär. Şeýle hem müşderileri hyzmatyň täze derejesini hödürleýär. Bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bank hyzmatyndan müşderileriň has-da köp peýdalanmagyny şertlendirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankyň edara binasy bilen tanyşdy.

Onuň birinji we ikinji gatlarynda oňaýly mebeller we döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan otaglar, 200 orunlyk maslahat zaly, 120 orunlyk naharhana, 24 orunlyk okuw otagy, şeýle hem gymmatlyklar bilen işlemäge niýetlenen ýörite otaglar bar. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň işgärleri üçin niýetlenen otaglar 3-6-njy gatlarda ýerleşýär. Döwlet ösüş banknyň işgärleriniň otaglary bolsa 7-11-nji gatlarda ýerleşýär.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulýan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň döwrebap edara binalarynda bolşy ýaly, täze bankyň jaýynda hem netijeli işlemek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Onda işgärleriň otaglary ähli zerur tehniki enjamlar, kompýuterler bilen üpjün edilipdir. Mundan başda-da, bu ýerde resmi duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar bar. Bankyň edara binasy durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlary bilen göwnejaý üpjün edildi.

Şeýle hem ygtybarly howpsuzlyk ulgamy göz öňünde tutuldy. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Onda gök zolaklar döredilip, bag nahallary, dürli güller oturdylypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň maslahatlar zalyna bardy we Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Bank işgärlerini täze binanyň açylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet ösüş bankynyň işgärlerine uly üstünlik arzuw etdi we pudagyň ösdürilmeginiň, döwrbaplaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Bankyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bank işgärleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy maliýe-karz syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm wezipelerini mundan beýläk-de netijeli ýerine ýetirjekdiklerine, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirjekdiklerine we ony öňdebaryjy derejä çykarmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynadyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkeziniň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady. Ýoluň iki tarapynda köpsanly şäher ýaşaýjylary milli Liderimizi şu günki dabara bilen gutlaýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkeziniň täze binasynyň açylmagy, hususy telekeçiligiň barha ösýän mümkinçiliklerini, onuň milli ykdysadyýetimizde we türkmen döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornunyň ösýändigini alamatlandyran şanly waka öwrüldi.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegini alamatlandyrýan ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň orny häzirki derejeden barha ýokarlanýar diýip nygtaýar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmelere hususy telekeçiligiň işjeň goşulmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Täzeçillik eýýamynda telekeçilik ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy guraly, ilatyň mynasyp durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçirilmegi möhüm orun eýeleýär we Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň aralaşmagyny şertlendirýär. Biziň ykdysady syýasatymyz jemi içerki önümiň mukdarynda hususy kärhanalaryň ornunyň ýokarlanmagyna, halk hojalygyna netijeli bazar gatnaşyklarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunlukda, netijeli, ýokary tehnologiýaly we täzeçil ykdysadyýetimiziň ösmeginde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Telekeçileri giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň durmuş derejesini özgertmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Hususy guruşyk kärhanalaryna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli guruşyk desgalary ynanyldy. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň desgalarynyň hususy gurluşyk kärhanalaryna ynanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçiler gurluşyk senagatynda, kaşaň myhmanhanalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, iri önümçilik we durmuş desgalarynyň taslamalarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanýarlar we binalary zerur bolan kämil enjamlar bilen üpjün edýärler. Ähli amatly şertler üpjün edilen we birleşmäniň agzalarynyň netijeli işi üçin mümkinçilik döredilen Işewürlik merkeziniň täze binasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde kiçi we orta telekeçiligiň işiniň ähli ugurlaryny öz içine alýan 12 bölüm bar. Onda Telekeçilik mekdebi hereket edýär. Häzirki döwürde bu jemgyýetçilik guramasynyň 9 müňden gowrak agzasy bar. Hepdede bir gezek neşir edilýän hem-de türkmen we rus dillerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli işini, türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini giňden beýan edýän hususy neşir bolan “Rysgal” gazeti birleşmäniň düzüminde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda hereket edýän Işewürlik merkeziniň ýurdumyzyň telekeçileriniň güýji bilen bina edilendigini we onuň Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda açylandygyny bellemeli. Häzirki döwürde bu ýörelge üstünlikli dowam edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze işewürlik merkezi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda işewür we hojalyk gatnaşyklaryny höweslendirýär amatly işewürçilik ulgamynyň döredilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Binagärlik çözgüdi boýunça özboluşly bolan bu desga halkara derejesindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň we aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň söýgüli künjegi bolan “Altyn asyr” seýilgähiniň ýakynynda ýerleşmek bilen, şäheriň bu künjegindäki binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi we iri syýasy, diplomatik, ykdysady we işewürlik merkezi diýen derejä eýe bolan paýtagtymyzyň bu künjeginiň bezegini has-da artdyrdy.

Işewürlik merkezi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna telekeçileriň güýji bilen guruldy. Täze desganyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işini “Çyzgy” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Bu düzüm durmuş we medeni maksatly birnäçe möhüm desgalary gurdy. Umumy meýdany 30 müň 600 inedördül bolan 12 gatly işewürlik toplumynyň desgasynda häzirkizaman binagärlik ýörelgeleri bilen milli gurluşyk däpleri sazlaşykly utgaşýar. Onuň özboluşly yşyklandyryş ulgamy bolup, binanyň ýanaşyk ýerlerinde ajaýyp gök zolaklary döredilipdir. Binanyň agşamky görnüşinde özboluşly gözellik bar. Onuň ýanaşyk ýerleri döwrebap derejede yşyklandyrylýar.

Merkeziň iş otaglary iň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edildi. Onuň 600 orunlyk maslahatlar zalynda işewür duşuşyklary we ýokary derejedäki çäreler geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Merkeziň 500 orunlyk banket zaly, restorany, söwda merkezi bar. Şeýle hem bu ýerde telekeçiler we birleşmäniň işgärleri üçin ýapyk görnüşli awtoduralga hereket edýär.

Şu gün Işewrülik merkeziniň öňündäki meýdançada ählumumy ýokary göteriliş we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Täze bina we onuň ýanaşyk ýerleri döwrebap derejede abadanlaşdyrylypdyp. Şanly waka mynasybetli bu ýere köp sanly myhmanlar geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Binanyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Skripkaçylaryň ajaýyp sazy ýaňlandy.

Milli Liderimiz binanyň merkezi girlegesiniň ýanyna geldi we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda desganyň toý bagyny kesdi.

Soňra millli Liderimiz ajaýyp binagärligi bolan desganyň içine girdi. Onuň eýwanynyň bezeg aýratynlyklary milli äheňde bolup, onda gymmat bahaly daşlar ulanylypdyr. Bu ýerdäki döredilen bezeg işleri, tebigy ösümlikler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Täze binanyň açylmagy mynasybetli, owadan eýwanda sergi guraldy. Döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen önümleri synlamaga buýsanç bilen çagyrylýar.

Telekeçiler döwlet derejesindäki wezipäniň berjaý edilmegine – azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýerli çig maly ulanmak arkaly, ýurdumyzda öndürilen önümler bilen bazaryň baýlaşdyrylmagyna işjeň ýagdaýda goşulyşyp, azyk önümleriniň köp sanly görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagyny ýola goýdular. Bularyň nusgalary baýramçylyk sergisinde görkezildi.

Bu ýerde süýji nygmatlary, miwelerden taýýarlanan içgileri, süýji, şöhlat, süýt önümleri, şeýle hem türkmen topragynda önýän miweler – kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri tarapyndan kärendesine alnan oba hojalyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen miweleriň ilkinji hasyly bilen tanyşdyrýan diwarlyklar goýlupdyr. Sergide mebeli, ýuwujy serişdeleri, taýyn dokma önümlerini, gurluşyk materiallaryny, halylary we sowgatlyk önümleri öndürijiler hem öz gazananlary bilen tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, Işewürlik merkeziniň mejlisler zalyna barýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkeziniň täze binasyny guran telekeçileriň zähmetine ýokary baha berip, bu birleşmäniň işiniň guralmagyna degişli birnäçe möhüm tekliplerini aýtdy, şeýle hem bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şaýoly bilen ýöreýär, onuň iki tarapynda-da ähli amatlyklaryb olan 12 gatly täze ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr.

Binalaryň öňündäki bezelen meýdançalarda aýdym-sazlar ýaňlanyp, dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrýar. Bu ýerde tanymal estrada aýdymçylary, belli artistler hem-de çagalaryň, ýaşlaryň we çeper höwesjeňleriň toparlary çykyş edýärler. Şunda dürli sahnalar hem şgörkezilýär. Sahna sungatyna mahsus görnüşde , ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işleri görkezilýär, bu gün şol pudaklaryň işgärleri täze öýlere göçüp bardylar. Beýleki çykyşlarda bolsa türkmen halkynyň nesilden-nesle geçýän özboluşly däp-dessurlary we adatlary beýan edilýär. Munuň özi dabaralara özboluşly öwüşgin çaýyp, halkymyzyň öz mirasyna, gadymy gymmatlyklaryna we köpasyrladan bäri saklanyp gelýän ruhy ýörelgelerine ygrarlydygyny, täze taryhy eýýamda -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bularyň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Ähli ýerede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşýanlar we täze öýlere göçüp gelenler tüýs ýürekden mähirli garşylaýarlar. Täze jaý toýlaryny tutýanlar üçin bu gün şatlykly waka beslenip, hakykatdan-da ýatdan çykmajak güne öwrüler.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurlan 114 öýli ýaşaýyş jaýynyň ýanynda “Aşgabadym-Arkadagyň eseri” atly aýdym-sazly tomaşa görkezilýär.

Bu ýerde döredijilik topary ýaş gurluşykçylaryň tansyny ýerine etirdi. Bu çykyş arkaly häzirki döwrüň depginini, özgertmeleriň giň gerimlidigini, tutuş ýurdumyzyň we onuň baş şäheriniň keşbiniň düýpgöter özgerendigi beýan edilýär. Tansyň ahyrynda milli lybasly gyzlar orta çykýarlar, olaryň lybaslarynda gadymy milli sungata mahsus bezegler döwrebap dizaýna mahsus görnüşdedir. Biz Aşgabadyň täze keşbinde milli binagärlige, dünýäniň nusgawy binagärligine mahsus ýörelgeleriň täze konstruktorçylyk taýdan işläp taýýarlamalar we inženerçilik oý-pikirleriniň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrýandygyny görýäris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalary synlamagy dowam etdirdi. Şunda aýdym-sazlar täsirli ýaňlandy.

Ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrligi üçin gurlan belent ýaşaýyş jaýynyň öňünde harby orkestr we hor watançylygy wasp edip çykyş edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 70 öýli ýaşaýyş jaýynyň ýanynda ýaş artistler “Bagtyýar döwrüň nesilleri” atly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.

Köpçülikleýin wokal-horeografik sahnany şadyýanlyk bilen ýerine ýetirýän çagalaryň çykyşynda sazyň we tansyň dürli görnüşleri, bularyň döwrebap ugurlary sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen ýöreýär hem-de indiki bina -- Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça gurlan 12 gatly ak mermerli bina tarap barýar. Döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar tüýs ýürekden mähirli garşylaýarlar, olaryň arasynda bu edaranyň owadan 44 öýli ýaşaýyş jaýynda toý tutýan işgärleri hem bar.

Şaýoluň bu künjeginde sporta bagyşlanan “Aşgabat-Aziada-2017-niň paýtagty” atly kompozisiýa görkezilýär. Bu çykyş sporta mahsus görnüşde takyk we sazlaşykly ýerine ýetirilýär. Şunda ýurdumyzda sportuň işjeňlik bilen ösdürilýän köp sanly görnüşlerini görüp, ýaryşlara we ýeňişe ruhlandyrýan ýagdaýy duýmak bolýar. Türkmenistanlylar ruhubelentlik bilen, iri halkara we dünýä ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar

Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň toplumynyň işgärleri üçin gurlup, ak mermer bilen örtülen 12 gatly 114 öýli ýaşaýyş jaýynyň ýanynda-da uly baýramramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Dabara gatnaşyjylar tutuş türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ýokary derejede bolmagynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrýan döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar. Binanyň öňünde täsirli aýdym-sazlar ýaňlanýar we tans oýnalýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp boýunça toý bagyny kesýär hem-de bina girýär. Bu binanyň birinji gatynda aragatnaşyk kärhanasy ýerleşýär. Bu ýerde işleýänleriň milli Liderimize gürrüň bermegine görä, paýtagtymyzyň bu täze etrabynyň ýaşaýjylaryna hyzmatlaryň giň toplumyhödürlener. Hususan-da, kärhananyň düzüminde öýjükli aragatnaşyk boýunça milli operator bolan “Altyn asyryň” we Aşgabat şäheriniň telefon aragatnaşyk ulgamynyň bölümleri döredildi.

Soňra milli Liderimiziň täze jaý toýuny tutýanlaryň çakylygy boýunça Aşgabadyň ýolagçy we ýük wagonlarynyň deposynda dizelçi bolup işleýän Toýguly Pelläýewiň maşgalasynyň täze öýüne-de baryp gördi. T.Pelläýew bu pudakda eýýäm 27 ýyldan bäri işläp gelýär.

Milli Liderimiz bilen birlkde şu günki dabaralara gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlar – Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekili hem bu giň öýüň hormatly myhmanlary boldular.

Däp boýunça dostlar we goňşular üçin elmydama gapysy açyk durýan türkmen öýünde goňşular törde oturdylar we şonda göwnaçyk söhbetdeşlik boldy. Öý eýesi maşgalasy barada gürrüň berip, 4 gyzynyň we eýýäm bir agtygynyň bardygyny aýtdy. UNISEF-iň wekili maşgalada terbiýe bermegiň ýörelgeleri bilen aýratyn gyzyklanyp, türkmen jemgyýetinde şol ýörelgelere berk eýerilýändigini hem-de şahsyýeti kemala getirmegiň ahlak esaslary hökmünde nesilden-nesle geçýändigini belledi.

Demirýolçy belent mertebeli myhmanlaryň sowallaryna jogap bermek bilen, özi we işi barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri bu ýerde dürli döwletleriň wekilleriniň agzybir maşgala ýaly jemlenşip oturandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu söhbetdeşligiň şeýle göwnaçyk, ynama we özara düşünişilmegine mahsus ýagdaýda geçişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem şeýle görnüşde ýöredilýändigini belledi.

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi maksat edinýändigini aýdyp, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýändigini bellemeli. Meselem, Hytaý demirýol wagonlaryny, Belarus wtoulag serişdelerini, tehniki ulagy iberýär, Täjigistana çenli täze demir ýoly gurulýar. Dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ählisi bilen gatnaşyklary ösdürmekde-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz täze jaý toýuny toýlaýanlara sowgatlar gowşurdy. Şeýle hem myhmanlar döwrebap ölçeglere laýyklykda abadanlaşdyrylan 4 otagly öýi synladylar hem-de bularyň eýelerine täze öýlerde bagtyýar durmuşda ýaşamagy arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdylar.

Şeýle hem ýolugra milli Liderimiz awtoulaglar üçin gurlan ýerasty geçelgäni synlady. Bu ýerde wena walsy ýaňlanyp, bala mahsus görnüşdäki lybasly ýaşlar tans edýärler, munuň özi bu ýere ýygnananlara ýakynda Aşgabatda üstünlikli geçen Wena balyny ýatlatdy.

Şondan soňra ýene-de bir tomaşa bolup, toýa mahsus adatlar beýan edildi. Şunda häzirki wagtda gadymy däp-dessurlaryň ösüşine täzeden badalga berlip, döwrebap görnüşde baýlaşdyrylýandygyna , ýöne bu ajaýyp maşgala dabarasyna mahsus bolan ýörelgeleriň ruhunyň saklanýandygyna göz ýetirmek kyn düşmedi.

Ine, öýlenýän ýigit we gelin awtoulagly gelýär. Täsin galdyrýan ak köýnekli gelin türkmen şaý-sepleri we owadan zatlar bilen bezenipdir.

Dabara gatnaşýanlar hakyky türkmen toýuny synlaýarlar, şunda asylly dessurlaryň, şol sanda gelnalyjynyň—gelniň öýlenýän ýigidiň öýüne gelşini görkezýän dessuryň berjaý edilişini synlaýarlar.

Däp-dessurlar berjaý edilenden soňra, ýaşlar hormatly Prezidentimize ýaş maşgalalaryň abadançylygy barada içgin alada edýändigi we milli Liderimiziň şu dabara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar, häzirki wagtda ýaşlara şeýle ajaýyp öýlerde ýaşamaga mümkinçilik döredildi. Öýlenýän ýigit döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, ak pata bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara agzybir maşgala bolup, uzak ömür sürmegi arzuw etdi, şol wagtda kepderiler asmana uçuryldy we küştdepdi tansy oýnalyp ugraldy. Bu tansa dabara gatnaşýanlaryň hem köpüsi goşuldy...

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçi” söwda merkezine tarap ugraýar.

Döwrebap söwda merkezi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň we döwletiň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna guruldy. Onuň gurluşygy “Halys”, “Töwerek” hojalyk jemgyýetlerinden, şeýle hem “Hoş sabyr” hususy kärhanadan ybarat bolan konsorsium tarapyndan amala aşyryldy. Toplum üpjün edilişi boýunça dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelýär, onuň gurlyşugynda döwrebap binagärlik sungatynyň öňdebaryjy tehnologiýalary öz beýanyny tapdy.

Üç gatly söwda merkeziniň umumy meýdany 1,5 gektara barabardyr. Merkeziň birinji gatynda dükanlaryň 7-si, ikinji gatda bolsa dükan we edara otaglary bar. Üçünji gat bolsa dolulygyna iş otaglary üçin niýetlenendir.

Şeýle-de binada supermarket hem-de kitaplary, geýimleri, halylary we ilat tarapyndan isleg bildirilýän beýleki önümleri satýan dükanlaryň birnäçesi ýerleşýär. Her bir pawilon we dükan eýeleri tarapyndan göwnejaý we oýlanyşykly bezelip, ýurdumyzyň telekeçiliginiň hil taýdan ösýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde ýokary hilli we dünýä bazarynda bäşdeşlige ukyply dürli görnüşdäki önümler bar.

Kafeniň bezegi döwrebap ýewropa usulynda berjaý ediliplir. Bu ýere gelenlere içgileriň we süýji nygmatlaryň dürli görnüşleri hödürlener. Söwda merkezi dünýäde belli kompaniýalaryň enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi, munuň özi ildeşlerimize hem-de daşary ýurtly myhmanlara bu ýerde harytlary satyn almak bilen çäklenmän, göwnejaý dynç almaga-da mümkinçilik berýär. Merkeziň daş-töweregi abadanlaşdyryldy, şunda saýaly we pürli agaç nahallary oturdyldy we özboluşly yşyklandyryjylar goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz söwda merkeziniň kitap satylýan dükanyna baryp, ýerlenýän çap önümlerini synlaýar. Bu ýerde dünýäniň dürli neşirýatlary tarapyndan ýokary çap usulynda taýýarlanan önümler – çagalar üçin niýetlenen kitaplardan başlap, ylmy we ensiklopedik işler, sözlükler, gazetler we žurnallar, şeýle hem elektron görnüşdäki edebiýat hödürlenýär. Alyjylara amatly bolar ýaly, belli-belli ugurlar boýunça neşirler aýratyn goýlupdyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan bezelen görnüşde çap edilen eserler ünsüňi çekýär. Bularyň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ykdysady ösüşine, bilim ulgamyna, lukmançylyga, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere, türkmen halkynyň milli baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewlerine, deňi-taýy bolmadyk türkmen halylaryna, özboluşly milli medeniýetimize bagyşlanan işleri bar.

Türkmen şygryýetiniň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň eserleri, şeýle hem beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebiýat üçin aýratyn bölüm bar. Bu ýerdäki eserleriň agramly bölegi türkmen nusgawy edebiýatynyň ussadynyň şu ýylda giňden bellenilýän doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen eserlerden ybaratdyr. Kitaplaryň köpüsi sowgatlyk görnüşde bezelipdir.

Kitap dükanynda gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň neşir edilen görnüşleri, ensiklopediýalar, maglumat berýän we dünýäniň dürli dillerindäki beýleki edebiýat hem bar.

Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen kitap dükanynyň üpjün edilişi we işi bilen gyzyklanyp, onda ýurdumyzda, we daşary döwletlerde neşir edilen dürli görnüşdäki edebiýatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara işewürlik merkezine öwrülýändigini, ýurdumyzda dürli döwletleriň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň bardygyny göz öňünde tutup, dünýäniň dürli dillerinde çap edilen edebiýat bilen kitap dükanyndaky önümleriň üstüniň ýetirilip durulmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz tehniki ösüş gazanylan ýagdaýynda-da kitabyň bilimleriň möhüm çeşmesi bolup galýandygyny, adamzady terbiýeleýändingini we ruhy taýdan baýlaşdyrýandygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabaralaryndan nobatdaky desganyň “Berzeňňi ” mineral bejeriş suwy kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu kärhana türkmen paýtagtynyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde, gadymdan bäri meşhur bolan mineral çeşmede ýerleşýär.

Kärhananyň gurluşygy milletiň saglygynyň berkidilmegi hakdaky aladany, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemegi döwlet ähmiýetli wezipeleriň hataryna goşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň abadançylygyny üpjün etmegiň we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmagyň esasy gurallarynyň biri hökmünde saglyk strategiýasyny öňe sürdi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy ýokary watançylygyň we ahlaklylygyň belent nusgasy bolup durýar. Onuň esasyny bolsa lukmançylyk işine we halkymyza wepalylyk, mynasyp çözgütleri kabul etmekde egsilmez döredijilik güýç-gaýraty we parasatlylyk, Türkmenistanyň bagtyýar geljegini bolan berk ynam düzýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaby ýerli tebigy çeşmeleriň baý bejerijilik kuwwatynyň binýadynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanýar. Bu kitapda halkara möçberdäki şypahana merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwaty we geljegi açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz kitabynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň mineral suwlary ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bejeriş häsiýetli çeşmeleriň 20-den gowragy mälimdir. Şolaryň biri-de, “Berzeňňi” çeşmesidir.

Bu çeşmäniň 1250 metr çuňlukdan öz akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. Guýynyň suw çykaryjylygy sekuntda 5 litre barabardyr. “Berzeňňi” tebigy mineral suwunyň düzüminde mikroelementleriň 24-si bar we ol sulfat-magniý-kaliý mineral suwlarynyň düzümine girýär. Onuň umumy minerallaşmagy M-3,2 g/dm kub, gyzgynlyk derejesi 36 gradusdyr. Onuň düzüminde uly bolmadyk garyndylar: ýod 0,2 mg/dm kub, brom 1,1 mg/dm kub, sink 10-15 mg/dm kub, marganes 0,005 mg/dm kub bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.

“Berzeňňi” mineral suwy giň bejeriş mümkinçiliklerine eýedir we iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini, endokrin, urologiýa, ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň, merkezi we beýleki nerw ulgamlarynyň, daýanç hereket ediş synalarynyň kesellerini, deri kesellerini bejermekde üstünlikli ulanylýar. Ol adamyň bedeniniň çalt dikelmegine, onuň kesellere garşy durujylyk ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Alymlar “Bezeňňi” mineral suwunyň düzümini we dürli kesellere täsirini ylmy taýdan öwrenmegi dowam edýärler.

Türkmen topragy saglygy dikeltmek we saklamak üçin özünde ägirt uly güýji jemleýän melhemler mekanydyr. Tebigatyň ilkibaşdaky durky, arassa dag howasy we melhemlik suwy adamlaryň dürli kesellerden bejerilmegi hem-de saglygynyň dikeldilmegi üçin iň amatly şertleri döredýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimizi mähirli garşylýarlar, milli lybasdaky gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasynyň iki gatly binasynyň esasy girelgesine tarap ugraýar. Bina barýan ýodajygyň ugrunda dürli ýaş agaç nahallary we bezeg gülleri ekilipdir.

Binanyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazlar bilen çykyş edýärler. Tans toparlary bolsa täsin çeşmeleri hem-de dermanlyk ösümlikleri bilen meşhur bolan türkmen topragyny wasp edýärler. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda şol ösümlikleriň merhemlik häsiýetleri beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär.

Milli Liderimiz binanyň içine girip, ýurdumyzyň derman senagatynyň täze ýöriteleşdirilen kärhanasynyň önümçilik bölümi bilen tanşyp başlaýar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýerleşdirilen dolandyryş ulgamynyň ýanyna barýar we düwmä basyp, kärhananyň işine badalga berýär.

Täze kärhananyň Ýewropanyň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan Italiýanyň “Korfil” kompaniýasynyň önümçilik we kömekçi tehnologiki enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemelidiris. Kärhana ýylda 5 million çüýşe ýa-da sagatda 3 müň 500 çüýşe mineral suwy 250 millilitr we 500 millilitr göwrümlerde, gazlandyrylan hem-de gazlandyrylmadyk görnüşlerde öndürmäge ukyplydyr. Önümleriň çykarylyşy Ýewropa talaplaryna hem-de GMP ölçeglerine laýyklykda amala aşyrylar.

Önümçilik işi suwy taýýarlaýjy bölümden başlanýar. Bu bölümde tebigy çeşmeden gelýän suw 10 tonna göwrümli gaba ýygnalýar we şol gapdan süzgüjiň üstünden geçirilip, düzüminde bar bolan daş we beýleki gaty jisimlerden arassalanýar. Soňra ýöriteleşdirilen enjamda suwuň düzüminden demir we marganes ionlary aýrylýar. Indiki tapgyrda suw aktiwleşdirilen kömrüň üstünden geçirilip, belli derejede ýumşadylýar we 5 tonna göwrümli gaba ýygnalýar. Soňra suw iki sany örän ownuk—yzygiderlilikde 10 mikron we 5 mikron ölçegli süzgüçleriň üstünden geçirilýär we ultamelewşe çyrasynyň täçirine tutulýar. Doly derejede arassalanan suw önümçilik bölümine geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyza gürrüň berişleri ýaly, bu bölüm “Wayskof” nemes kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde arassalanan we selsiý boýunça 10 gradusa çenli sowadylan suw uglerodyň iki okisi ýa-da kömürturşy gazy bilen baýlaşdyrylýar we awtomatiki usullar çüýşelere guýulýar. Ýarlyklaryň her birinde tapgyryň belgisi, önümiň öndürilen senesi we ulanyş möhleti ýazylýar. Taýýar önüm talabalaýyk gaplanýar we ammarlara ugradylýar.

Bir söz bilen aýdylanda, kärhana çykarylýan önümiň ýokary hilini, onuň halkara ülňülerine laýyk gelmegni doly kepillendirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz hil barlaglary we mikrobiologiýa bölüminiň işi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň iş aýratynlyklary hem-de esasy häsiýetleri, işde ulanylýan tehnologiýalar we usullar bilen içgin gyzyklanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanmyyz häzirki wagtda türkmenistanlylaryň saglygyny goramak işine ýokary innowasion tehnologiýalaryň hem-de önümçilik ulgamynda, hususan-da, mineral suwlary öndürmekde öňdebaryjy ylmyň gazananylanlaryň goýlandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Bu ýerde hil mukdar we mikrobiologiýa barlaglaryny amala aşyrmak üçin zerur enjamlaryň ählisi ornaşdyryldy. Kärhananyň işgärleriniň üstüne bu ýerde arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek, taýýar önümiň hilini barlamak boýunça wezipeler goýuldy. Bölüm dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň enjamlary we abzallary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz kärhanany gözden geçirmegiň barşynda taýýar önümiň düzümindäki minerallaryň, kömürturşy gazynyň derejeleriniň talaba laýyklygyny, pH görkezijisini barlamak üçin niýetlenen enjamyň işi bilen tanyşýar, şeýle hem işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler, olaryň degişli kompýuter we guramaçylyk tehnikalary bilen üpjün edilişi bilen içgin gyzyklanýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz şol ýerde guralan ýörite sergi bilen tanyşdy. Onuň eksponatlary bolsa dürli gaplardan, melhemlik mineral suwlarynyň dürli görnüşlerinden ybaratdyr.

Milli Liderimiz melhemlik suwdan dadyp görüp, onuň bejeriş häsiýetine ýokary baha berdi we “Berzeňňi” mineral çeşmesiniň tebigat tarapyndan peşgeş berlen melhemlik häsiýetleriniň, täze binada ornaşdyrylan döwrebap enjamlaryň mümkinçilikleriniň, şeýle hem häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň sazlaşmagynyň bu kärhananyň işiniň esasy maksadyna, milletiň saglygyny goramak, raýatlarymyzyň abadançylygyna hyzmat etmek maksadyna laýyk gelýändigini nygtady.

Bu ýerde “Berzeňňi” mineral suwuny öndürmegiň tehnologiýasy barada maglumat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary üns bilen diňläp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda döredýän milli nusgasyna aýratyn üns berdi. Onuň okgunly ösüşi ylmyň, bilimiň we iş ýüzündäki saglygy goraýşyň utgaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

“Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasy bilen tanyşlygy tamamlandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Milli Liderimiz ýygnananlary täze desganyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, kärhananyň zähmet toparyna täze awtoulaglaryň açaryny gowşurdy we işlerinde üstünlik arzus etdi. Muňa jogap edip, kärhananyň işgärleri saglygy goraýyş ulgamyny, lukmançylyk ylmyny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.

Şeýlelikde, täze önümçilik kärhanasynyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň derman senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bu geljegi uly pudagy täze sepgitlere çykarmak boýunça wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol wezipeleriň biri bolsa ýokary hilli melhemlik suwlary köp möçberde çykarmakdan ybaratdyr. Bu suwlaryň melhemlik häsiýetleri olary daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz “Berzeňňi” mineral bejeriş suwy kärhanasynyň binasyndan çykyp, nobatdaky täze desga tarap ugrady.

...Ýene-de bir möhüm desganyň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň paýtagtymyzyň merkezinde gurlan täze binasynyň açylyş dabarasy şu günki baýramçylyk wakalarynyň dowamy boldy.

Hökümet binasy Bitarap Türkmenistan şaýolunyň, Görogly we Ç.Nurymow köçeleriniň aralygynda ýerleşýär we onuň umumy tutýan meýdany 54 müň inedördül metrden gowrakdyr.

Täze desganyň binagärlik keşbinde beýiklik, düýplülik we şol bir wagtyň özünde açyklyk öz beýanyny tapdy. Binanyň öň tarapy we beýleki taraplary döwrebap bezeldi. Onuň demirgazyk tarapy paýtagtymyzyň iň gatnawly ýollarynyň biri bolan Görogly köçesine tarap bakdyryldy.

Binanyň daşky bezegi hem aýratyn sazlaşyk döredýär. Binanyň merkezi böleginiň iki tarapynda milli gölleriň ýerleşdirmegi bolsa onuň bezegine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ähli welaýatlardan gelen wekiller hem-de türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary –hormatly ýaşulular we mährem eneler öz agtyklary bilen bilelikde mähirli mübärekleýärler.

Artistler ýygnananlaryň öňünde edebi aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş edýärler. Onda sazyň, tansyň we çeper döredijiligiň dili bilen gadym döwürlerde Marguş, Parfiýa, Köneürgenç ýaly beýik döwletleri we beýlekileri döreden türkmenleriň gahrymançylykly geçmişi beýan edilýär. Şol döwletler adamzat taryhynda görnükli orun eýeledi. Täze taryhy eýýamda – mähriban Arkadagymyzyň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň beýik taryhynyň şöhratly ýyl ýazgysyna täze sahypalar ýazylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz ýyşgnananlaryň ählisini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, biz döwletimiziň baş baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarys diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyz Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler edildi. Ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşuldy.

Ata-babalarymyz ýol gurmagy, bina galdyrmagy sogap iş hasaplapdyrlar. Ine, bizem ata-babalarymyzyň şeýle asylly däplerini dowam edip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda hem täze desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny we döwrebap ýollary yzygiderli gurýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ýakynda biz Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, ol ýerde täze gurlan birnäçe iri desgalary açyp, ulanmaga berdik. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli beýleki welaýatlarda hem köp sanly möhüm ähmiýetli desgalary dabaraly açarys. Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris. Ähli ugurlarda ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyz hem dünýäniň ösen şäherleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ak mermere beslenen paýtagtymyz Aziýanyň göwher gaşyna deňelýär. Bu bolsa bizi örän buýsandyrýar we guwandyrýar. Biz Aşgabat şäherinde köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary, Söwda merkezlerini, edara binalaryny yzygiderli gurýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şäherimiziň günortasynda ministrlikler we pudak edaralary üçin täze, döwrebap binalar hem yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Bu binalaryň ählisi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda iň öňdebaryjy tejribeler ulanylyp gurulýar.

Ine, şu gün hem paýtagtymyzyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda 12-nji tapgyrda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we medeni-durmuş maksatly binalary dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Şeýle hem, «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasyny işe girizdik. Bu kärhanada öndüriljek mineral suwuň adamlaryň saglygyny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr.

2011-nji ýylyň maýynda biz Oguzhan köşkler toplumy açylypdy diýip, milli Liderimiz ýatlatdy. Şu gün bolsa biz paýtagtymyzyň görküne görk goşýan ýene-de bir ajaýyp binany – Türkmenistanyň Hökümet binasyny dabaraly açyp, ulanmaga berýäris. Bu binany Fransiýanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Vinci» kompaniýasy gurdy. Täze açylýan bina Gündogaryň we häzirki Ýewropanyň binagärlik aýratynlyklary esasynda guruldy. Hökümet binasynda netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Binada Ministrler Kabinetiniň mejlislerini, wideoşekilli iş maslahatlaryny, ýokary derejedäki duşuşyklary we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Hökümet binasynda, Oguzhan köşkler toplumyndaky ýaly, döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm ähmiýetli çözgütler kabul ediler. Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berler. Ak şäherimiz Aşgabatda şeýle ajaýyp binalar toplumynyň gurulmagy Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygyny, onuň binýadynyň kuwwatlygyny, ykdysady netijeleriniň ýokarydygyny aýdyň subut edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hökümet binasy hem şan-şöhrata beslenen ata - babalarymyzdan bize ýadygär galan ajaýyp ymaratlar ýaly, olaryň beýik işleriniň dowamy hökmünde halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat eder. Bu bina biziň amala aşyrýan beýik işlerimiziň şaýady bolup, geljekki nesillerimize baky miras galar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda aýtdy.

Soňra milli Liderimiz sebitleriň wekillerini Hökümet binasyny açmaga çagyrdy. Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine görä, mährem eneleriň biri esasy girelgäniň gapysynyň tutawajyna päk arzuwlaryň nyşany hökmünde ýüzärlik asýar. Türkmenistanda bu ösümlikden ýasalan dessejikleri ähliý erde görmek bolýar – adatça ol niýetleriň päkliginiň tumary hökmünde gapylaryň ýokarsyndan asylýar. Häzirki wagtda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu dessur gadymy geçmişe, ruhy we ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmagyň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalar astynda esasy girelgäniň öňündäki toý bagyny kesýär hem-de dabara gatnaşyjylar bilen toplumyň eýwanyna girýär.

Bu ýerde hormatly ýaşulular, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen ýaş wekiller döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw edýärler.

Milli Liderimiz öz nobatynda ýygnananlary ýene-de bir gezek ýetip gelýän baýramçylyk—Garaşsyzlyk güni hem-de täze ajaýyp binalaryň açylmagy mynasybetli guralan dabaralar bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz şu günki wakalardan ýadygärlik hökmünde dabara gatnaşyjylar bilen surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içiniň abadanlaşdyrylyşy we bezegi bilen tanşyp, giňişleýin mejlisleriň geçirilýän zalyna bardy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol ýerde hökümetiň mejlisleri, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyndaky möhüm wakalar mynasybetli ýygnaklar geçiriler.

Hökümet binasy dürli belentlikdäki birnäçe bölekden ybaratdyr. Onuň merkezi böleginiň beýikligi 47 metre, merkezi bölegiň iki tarapyndaky ganatlarynyň beýikligi bolsa 32,5 metre barabardyr. Binanyň esasy öň tarapy 130 metre golaý uzalyp gidýär.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykyp, onuň arka tarapynda ýerleşen köçäniň, şeýle hem binanyň öňündäki suw çüwdürimli meýdanyň bezegine syn edýär. Bu desganyň bag ekilen meýdany 3 müň inedördül metre barabardyr.

Raýatlary we hatlary kabul etmek üçin bina aýratyn gurlupdyr. Bulardan başga-da, bu ýerde iki üsti ýapyk we bir üsti açyk awtoduralga gurlupdyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň täze binasynyň türkmen paýtagtynyň merkezi künjeginde aýratyn sazlaşyk döredendigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň häzirki binalaryny şäher häkimligine berilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet habarlar gullugynyň öňünde ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary öz wagtynda beýan etmek wezipesiniň durýandygyny nazarda tutup, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň häzirki binasynyň hem şu gulluga berilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu binada döwrebap, kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy, onda habarlar gullugynyň işgärleriniň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, iň esasy bolsa gullukda döwrüň talabyna laýyk gelýän maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatda ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň täze binasynyň ajaýyp binagärlik keşbine ýokary baha berip, ýene-de binanyň içine girýär.

Hökümet agzalary özleriniň netijeli işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi we eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda şeýle ajaýyp binanyň açylmagy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bu ýerde, Ministrler Kabinetiniň täze binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Alen Bonnony kabul etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine jogapkärli döwlet işinde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=4804