Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
 
February 2018
 

Ýurdumyzyň ýaş raýatlary döwletiň aladasy bilen gurşalandyr

1-nji oktýabrda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda dikeldiş merkezleri bolan döwrebap Okuw-terbiýeçilik toplumlary ulanmaga berildi. Bu şanly wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň bagtyýar durmuşy üçin oňyn şertleriň döredilmegini baş wezipe edinen döwlet syýasatynyň durmuş ulgamynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini alamatlandyrdy.

Täze durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli guralan dabaralara welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, Bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde täze durmuş ýörelgesi ykrar edilýär. Milletiň gadymy ruhy däpleri we umumadamzat gymmatlyklary nazara alnyp, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki häzirki ýaşlara Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykarmak ugrunda şöhratly işleri we tutumlary dowam etmek wezipesi ynanylar.

Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde häzirkizaman mekdepleri, çagalar baglary, medeni-bilim merkezleri, saglygy goraýyş we sport toplumlary guryldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. 2014-2015-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli giň möçberli binagärlik açyşlarynyň bolmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Şol döwürde bilim ulgamynyň onlarça desgalary gurlup ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin dikeldiş merkezli 420 orunlyk mekdep-internatlarynyň ähli welaýatlarda gurulmagyny öz içine alýan bu iri durmuş taslamasy ýerine ýetirildi. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda şeýle desganyň Aşgabadyň günorta-gündogarynda ulanmaga berlendigini bellemeli.

1-nji oktýabrda täze toplumlar Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde, Mary welaýatynyň Wekilbazar etraplarynda, Ahal welaýaty üçin bolsa paýtagtymyzyň Abadan etrabynda gurlup ulanmaga berildi. Olar binagärlik keşbi boýunça ertekilerdäki köşgi ýatladýar. Binalaryň taslamalary taýýarlanylanda çagalaryň bejergi we bilim almaklary üçin has oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Olar saglyk ýagdaýy zerarly adaty mekdebe gatnap bilmeýärler. Gurlan her bir toplumda okuw, edara ediş, bejergi geçirilýän, ýatylýan otaglardan ybarat binalar bar. Olarda lukmanlaryň otagy, dermanhana. Sagaldyş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, ýüzüş howzy, naharhana we beýlekiler hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde ker we çala eşidýän, kör we çala görýän çagalaryň saglyk mümkinçilikleri nazara alnyp ýöriteleşdirilen bölümler enjamlaşdyrylypdyr. Mundaky ýaşaýyş we okuw otaglary degişli enjamlar üpjün edilipdir.

Her bir çaganyň ukybyny açyp görkezmegi, onuň döredijilik özbaşdaklygynyň kemala gelmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi şeýle desgalarda möhüm wezipe bolup durýar. Mümkinçiligi çäkli çagalara saglyklarynyň dikeldilmegine, olaryň durmuş ulgamyna utgaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bejeriş-sagaldyş merkezleri Germaniýalan, Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Olarda rentgen otagy, elektrokardiologiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, göz kesellerini bejeriş, owkalama, UZI, EKG we beýleki ugurlar boýunça bejeriş geçirýän otaglar bar.

Toplumyň çägindäki mekdeplerde we çagalar baglarynda ýörite sport zallary, açyk meýdançalar we ýüzüş howuzlary bolup, olarda çagalar bedenterbiýe bilen meşgullanmaga mümkinçilik alarlar. Daýanç-hereket ediş ulgamynda näsazlygy bar çagalar üçin şahsy arabajyklardan başga-da, hereketlendiriji enjamlar göz öňünde tutuldy. Olaryň kömegi bilen çagalar binanyň gatyna özbaşdak galyp we ondan düşüp bilerler. Mümknçiligi çäkli çagalar üçin ýörite liftler we olara laýyk basgançaklar hereket edýär.

Uly ýaşdaky çagalar özleriniň gyzyklanmalaryna we höweslerine laýyk hünär bilen meşgullanyp bilerler. Bu ýerde ussahanalardan başga-da, çeper döredijilik, saz we tans studiýalary hereket edýär. Şeýlelikde, olarda her bir çaganyň oňaýlylygy üçin ähli şertler döredildi. Olar bu ýerde maşgala rahatlygyny, terbiýeçileriň, mugallymlaryň we lukmanlaryň aladasyny duýup bilerler. Olaryň bilelikdäki tagallasy bilen çagalar daşky gurşawa ttiz öwrenişip bilerler.

Mälim bolşy ýaly, mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ýokary hilli bilim almaga bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, ulanmaga berlen dikeldiş merkezi bolan täze Okuw-terbiýeçilik toplumlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň meselelerine aýratyn ähmiýet berýändiginiň we onuň türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklaryna daýanýan ýörelgeleriniň durmuş taýdan goldanylmagyny we jemgyýetde deň mümkinçilikleriň döredilmegini ugur edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=4805