Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
April 2018
 

Taryh

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly öňe gidişlik üpjün edilýär.

Türkmenistan ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Ol senagat we durmuş infrastrukturasynyň desgalaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi binagärlik, şäher gurluşyk babatynda döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirýar. Ol gurluşyk ulgamynda ýurduň ösüşiniň ýeke-täk ugruny kesgitleýär.

Gurluşykda nyrh emele getirişiň we çykdajy ölçegleriň ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işiniň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gurluşykda milli çykdajy ölçegleriň binýadyny işläp taýarlamak hakynda” 2005-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky 7518 belgili Kararyna laýyklykda çykdajy ölçegleriň binýadyny bazar ykdysadyýetiniň täze talaplaryna laýyk getirmek, gurluşygyň bahasyny kesgitlemäge ýeke-täk usuly çemeleşmegi berjaý etmek maksady bilen döredildi.