Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
August 2018
 

Gibrid mehanizmleri ulanmakda 1 maşyn-sagat bahasynyň hasaplanmasy

E.S.Abdylhekimow, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş  we çykdajy ölçegleri döwlet müdirliginiň mehanizmleri ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary

        Hormatly Prezidentimiziň hemme taraplaýyn gollagy esasynda biziň döwletimizde dürli desgalaryň gurluşygy (awtomobil ýollary, aeroportlar, binalar we ş.m.) giňden amala aşyrylýar. Bular ýaly amala aşyrylýan giň gurluşygy özüne gibrid (köp funksiýaly) gurluşyk maşynlary- maşynlar, 1 maşyn-sagat bahasyny hasabyny çykarýan  metodika häzirki wagtda ýok bolmanlygy, birnäçe funksiýany ýerine ýetirýän (ekskawator- ýük ýükleýji, ekskawator-buldozer, ekskawator-buldozer-ýük ýükleýji we ş.m.). ulanmagy talap edýär. Bu makala şol metodikany işlenip taýýarlanmagy uçin niýetlenen.

        Monofunksiýaly mehanizmleri, şeýle-de bir funksiýa ýerine ýetirýän mehanizmleri (ekskawator, buldozer, ýük ýükleýji)   ulanmakda 1 maşyn-sagat bahasyny (Bmаş) çykdajylaryň maddalarynyň jemi  hökmünde bermek kabul edildi [1] (man/maş.-s):

,          (1)

      bu ýerde:

      K – könelmäni doly dikeltmek üçin ulanyş tutumlary, man/maş.-sag;

      A – abatlaýyşyň ähli görnüşleri we tehniki hyzmatlar üçin edilen harajatlar, man/maş.-sag;

      Za – abatlaýyşy ýerine ýetirýan işgärleriň zähmet haky, man/maş.-sag;

      T – tiz könelýän şaýlar üçin harajatlar, man/maş.-sag;

      Z – maşyn dolandyrýan işçileriň zähmet haky (maşinistler, sürüjiler we beýl.), man/maş.-sag;

      E – energiýa göterijileriň harajatlary, man/maş.-sag;

      Ç –  çalgy materiallaryna, gidrawliki we sowadyjy suwuklyklaryna harajatlar, man/maş.-sag;

      Ä – (Z + Za) boýunça hasaplanan durmuş ätiýaçlandyryş tutumlary, man/maş.-sag;

      U – (Z + Za) boýunça hasaplanan umumy önümcilik cykdajylary, man/maş.-sag;

      M – meýilnamalaşdyrylan toplaýyş, man/maş.-sag.

      Häzirki wagtda gibrid (köp funksiýaly) mehanizmler, ýokarda bellenip giçirilen, giňden ýaýrady, olaryň belli bir görnüşine (funksiýa) we  mehanizmiň esasy tehniki parametriniň ölçegine mahsus bolan  görkezijileri kadalaşdyryjy edebiýatda ýokdur, ýagny olar:

      1. Çykdajylaryň maddasynyň düzümine (K) girýän, könelme tutumlaryň möçberi, (Mk, göterim/ýyl) [2];

      2. Çykdajylaryň maddasynyň düzümine (Za) girýän,  tehniki hyzmat (TH) we gündelik abatlama (GA) iş köplügi,   (Ik, adam × sag/sag)  [3];

      3. Çykdajylaryň maddasynyň düzümine (T) girýän,   gurluşyk  maşynlaryň tiz könelýän şaýlary, şu ýagdaýda şinalarynyň kadaly gulluk möhleti, [1], (M, maş.-sag).

      Gibrid mehanizmleri üçin bu çykdajylar maddalarynyň hasaplanylyşyna seredeliň (beýleki, (1) formula girýän çykdajy maddalarynyň hasaplanylmagy monofunksional mehanizmler üçin hasaplanyşyna birmeňzeş ýerine ýetirilýär).

  1. Monofunksional gurluşyk maşynlary [1] üçin könelmäni doly dikeltmeklige  tutumlary (Kgm),  aşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär:

,

      bu ýerde:

      Bb – maşynlaryň dikeldiş (balans) bahasy, man;

      Mk – könelme ulanyş tutumlaryň möçberi [2], göterim/ýyl;

      W – ýyl dowamynda  maşynyň ulanyş wagty [1], maş.-sag/ýyl.

      Gibrid mehanizmi bolan ýagdaýynda, ýerine ýetirilýän funksiýalaryň dürli ähmiýetliligini göz öňünde tutup, her bir funksiýa üçin Bb, Mk we W  görkezijileriň n gezek kiçeldiljekdigi aýdyňdyr. Bu ýerde  n ≥ 2 – mehanizm tarapyndan ýerine ýetirilýän funksiýalaryň möçberidir. Üstesine Mk  görkeziji her bir funksiýa üçin aýratynlykda saýlanylyp alynýar [2] (mehanizmiň esasy tehniki parametriniň ölçegine we görnüşine). Onda gibrid gurluşyk maşynlary üçin   könelmäni doly dikeltmeklige  tutumlaryny (Kgm) aşakdaky summa görnüşinde aňlatmak bolar:

,          (2)

      bu ýerde:

      Mkii funksiýaly (1-nji, 2-nji we beýl.)  mehanizmiň könelme ulanyş tutumlarynyň möçberi, göterim/ýyl.

      2. Monofunksional gurluşyk maşynlarynyň abatlanmagy bilen meşgullanýan abatlaýyş işçileriň zähmet hakynyň kadalaşdyryjy görkezijisi (Zа) [1], aşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär:

,

       bu ýerde:

        Zr – abatlaýyş    işçileriň    ortaça   aýlyk    zähmet haky, man/(aý × adam );

        Ik – TH we GA-nyň  iş köplügi [3], adam × sag/sag;

        12 – ýyldaky aýlaryň sany, aý/ýyl;

        W – ýylyň dowamynda  maşynyň ulanyş wagtynyň tertibi [1], maş.-sag/ýyl.

        Gibrid mehanizmleri  ýagdaýynda, dürli funksiýaly mehanizmleriň abatlanmagy bilen meşgullanýan abatlaýyş  işçileriň    ortaça   aýlyk    zähmet haky (Zr), edil öňki ýagdaýdaky ýaly, Zr, Ik и W görkezijileriň her bir funksiýa üçin  n gezek kiçeldiljekdigi aýdyňdyr. Üstesine, Ik, görkeziji [3] her bir funksiýa üçin özbaşdak saýlanylyp alynýar (mehanizmiň esasy tehniki parametriniň ölçegine we görnüşine). Köp  funksiýaly (gibrid) gurluşyk maşynlarynyň  abatlanmagy bilen meşgullanýan abatlaýyş  işçileriň zähmet hakynyň (Zа) kadalaşdyryjy görkezijileri üçin görkezilen bellikleri göz öňünde tutup, aşakdakylary ýazyp bileris:

  ,          (3)

        bu ýerde:

        Ikii funksiýaly (1-nji, 2-nji we beýl.)  mehanizmiň  TH we GA-nyň işi köplügi, adam × sag/sag.

        3. Monofunksional gurluşyk maşynlary [1], şu ýagdaýda şinalar (T) üçin   çykdajylaryň kadalaşdyryjy görkezijileri  aşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär:

 ,

         bu ýerde:

        Nş – 1 şinanyň nyrhy, man/san;

        Mş – mehanizmde oturdylan şinanyň möçberi, san;

        M – gurluşyk maşynlaryň şinalary üçin harajadyň kadaly görkezijisi [1], man/maş.-sag.

        3а. Gibrid mehanizmleri üçin şinalaryň birmeňzeş bahasyny (Nş) göz öňünde tutup (deň ululykdaky tigirler), Nş, Mş и M görkezijileriniň her bir funksiýa üçin n gezek kiçeldiljekdigi aýdyňdyr. Şunuň bilen birlikde, M görkezijiniň her bir funksiýa üçin (mehanizmiň esasy tehniki parametriniň ölçegine we görnüşine) özbaşdakdygyny  göz öňünde tutmak gerekdir. Bu ýagdaýda köp funksiýaly (gibrid) gurluşyk maşynlary  üçin şinalaryna (T) çykdajylaryň kadalaşdyryjy görkezijilerini aşakdaky görnüşde kesgitlemek bolar:  

,          (4)

         bu ýerde:

        Mgsii funksiýaly (1-nji, 2-nji we beýl.)  mehanizmiň şinalarynyň kadaly gulluk möhleti, maş.-sag.

        3b. Käbir ýagdaýlarda gibrid mehanizmlerinde dürli ululykdaky tigirler bolýar: öňündäki gönükdiriji – kiçi diametrli, yzynyňky hereketlendiriji – uly diametrli (meselem: ekskawatorlar-ýük ýükleýjiler «Hidromek HMK 102B», «Amkodor 702», «JCB 3CX» we ş.m.), bu bolsa şinalaryň dürli bahasyny aňladýar. Şunda  öň we yz tigirleriniň sany tapawutlanyp biler  (meselem: öňüniňki – 2, yzynyňky – 4). Bu ýagdaýda formula (4) aşakdaky görnüşe eýe bolar:

,          (4а)

         bu ýerde:

        Nşö, Nşy – 1 şinanyň nyrhy, degişlilikde öň we yz, man/san;

        Mşö, Mşy – degişlilikde öň we yz şinalarynyň sany.

        3ç. Bu ýagdaýda, eger-de öňüniň we yzynyň tigirleriniň sany birmeňzeş bolsa, (4а)  formula aşakdaky şekilde görnüşini üýtgedýär:

,          (4б)

        bu ýerde:

        Mşu – mehanizmde oturdylan şinanyň jemi möçberi, san.

      Ýokarda seredilip geçilen, gibrid mehanizmleri üçin  Kgm, Za и T  görkezijileri babatynda anyk düşünmek maksady bilen, ekskawator-buldozer üçin bu görkezijileriň hasaplamalarynyň aşakdaky esasy tehniki parametrlerine eýe bolan mysalyny getirýäris:  ekskawatoryň susgujynyň sygymy – 0,24 m3, buldozeriň hereketlendirijisiniň kuwwatlylygy – 100 a.g. (Bellik: giriş san maglumatlary şertli kabul edildi).

        1. Ekskawator-buldozer üçin könelmesini doly dikeltmek üçin tutumyň (Kgm)  kadaly görkezijisi,  (2) formula laýyklykda, giňden beýan edilen  görnüşde aşakdaky ýaly kesgitlenilýär:

 ,

        bu ýerde:

        n = 2 – ýerine ýetirilýän funksiýalaryň sany;

        Bb = 210 900,00 man – ekskawator-buldozeriň dikeldiş (balans) bahasy;

        W – Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan, iş güni 8 sagat, iş hepdesi 40 sagat bolan kärhanalar üçin bellenen ýylyň  dowamynda  maşynyň ulanyş wagtynyň tertibi 1977 maş.-sag/ýyl ybaratdyr;  

        Mk1 – pnewmatiki ýörişli susgujynyň sygymy 0,4 м3 (şifr 41800) çenli bolan ekskawatorlar üçin könelme ulanyş tutumlaryň möçberi  12,5%/ýyl [2] ybaratdyr;

        Mk2 – hereketlendirijisiniň kuwwatlylygy 76-dan  110 a.g. çenli bolan (şifr 41814) buldozerler üçin könelme ulanyş tutumlaryň möçberi 14,3%/ýyl [2] ybaratdyr;

        Şeýlelik bilen:  

         man/maş-sag.

         2. Ekskawator-buldozer ýagdaýynda (3) formula laýyklykda, abatlaýyşy ýerine ýetirýan işgärleriň zähmet hakynyň kadaly görkezijisi (Zа) ýaýbaňlandyrylan ýagdaýda  aşakdaky görnüşde kesgitlenilýär:

,

         bu ýerde:

         n = 2 – ýerine ýetirilýän funksiýalaryň sany;

         Zr – abatlaýyşy ýerine ýetirýan işgärleriň ortaça aýlyk zähmet haky 850,00 man/(aý × adam);

         12 – bir ýyldaky aý sany, aý/ýyl;

         W – bir ýylyň  dowamynda  maşynyň ulanyş wagtynyň tertibi 1977 maş.-sag/ýyl.

         Ik1 – bir susguçly, pnewmo tigirli traktordaky, susgujynyň sygymy 0,15 – 0,25 м3 bolan ekskawatorlar üçin TH we GA-nyň iş köplügi, 0,36 adam × sag/sag [3] ybaratdyr;

         Ik2 – kuwwatlylygy 80-100 a.g. bolan buldozerleriň TH we GA-nyň  iş köplügi 0,277  adam × sag/sag [3] ybaratdyr.

         Şeýlelik bilen:

           man/maş-sag.

         3. Ekskawator-buldozer üçin şinalarynyň harajadynyň kadaly görkezijisi (T),  (4b) formula laýyklykda, ýaýbaňlandyrylan görnüşde aşakdaky görnüşde kesgitlenilýär (dürli ululykdaky tigirlerde we deň möçberli öňüniň hem-de yzynyň tigirleri, 2-ä deň):

,

         bu ýerde:

         n = 2 – ýerine ýetirilýän funksiýalaryň sany;

         Nşö – öňüniň  1 şinasynyň bahasy, 1 839,00 man./san;

         Nşy – yzynyň 1 şinasynyň bahasy, 3 050,00 man./san;

         Mşu – ekskawator-buldozerlerde oturdylan şinalarynyň sany, 4 sany;

         M1 – ekskawatoryň şinalarynyň kadaly gulluk möhleti 7000 maş.-sag [1];

         M2 – buldozeriň şinalarynyň kadaly gulluk möhleti 5000 maş.-sag [1].

         Şeýlelik bilen: 

 man/maş-sag.

         Netijede, şu işde Kgm, Za и T  çykdajylarynyň maddalaryny gibrid mehanizmleri üçin hasaplamak boýunça görkezilen çemeleşmeleri bu mehanizmleriň könelme tutumlarynyň kadalaryny Mk, TH we GA-nyň iş köplügini Ik we şinanyň kadaly gulluk möhletini M işläp taýýarlamakda gytaklaýyn ulanmak (ýerine ýetirilýän funksiýalar boýunça bu funksiýalaryň sanyna bölünen bu görkezijileriň möçberi – 2, 3, 4 formulalar) we şonuň bilen, degişlilikde [2], [3] we [1] berlen kadaly görkezijileriň binýadyny giňeltmek   mümkindigini bellemek gerekdir.

__________________________________________________________________

Edebiýat:

         1. Gurluşyk maşynlaryny we awtoulag serişdelerini ulanmaklyga baha kesmek we çenlik kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça usulyýet görkezmeleri GUR 4.03-14: Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi, Aşgabat, 2014.

         2. Единые нормы амортизационных отчислений на полное восстановление основных фондов народного хозяйства Туркменистана: Министерство экономики и финансов Туркменистана, Ашхабад, 2000.

         3. Методические рекомендации по расчетам за работу машин в строительстве, М., Стройиздат, 1973.

 

         Žurnal «Altyn Asyryň ykdysadyýeti», №3, 2014 ý.