Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
December 2018
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna guran iş saparynyň barşynda durmuş we senagat maksatly täze desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, oba hojalyk işleriniň amala aşyrylyşy bilen tanyşdy.

... Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar, ýaşulular bolsa duz-çörek hödürleýärler. Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, ýaşulular bilen söhbetdeş boldy, olaryň iş-aladalary, ýurdumyzda hem-de demirgazyk sebitde bolup geçýän özgertmeler baradaky pikirleri bilen gyzyklandy, olaryň tekliplerini we isleg-arzuwlaryny diňledi.

Soňra Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy boýunça uly bolmadyk sahna oýny ýaýbaňlandyrylýar. Bu hekaýanyň gahrymany maşgalanyň güzeranyna ýarap ýören düýesini şygyrlar ýerleşdirilen kitaba çalyşýar. Şondan soň ol üç gün ýol ýöräp öýüne barýar. Hekaýanyň ahyrynda ol kitapdaky goşgulary ýatdan bilýän bolsa-da, ony hiç bir baýlyga çalyşmajakdygyny mälim edýär! Bu çuň manyly hekaýada ýönekeý adamyň ruhy baýlygy, ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklaryna aýawly garaýyşy açylyp görkezilýär...

Döwlet Baştutanymyz dabara mynasybetli welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň guran sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, kitaphananyň binasynyň öňündäki münbere barýar we Daşoguz şäherinde durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz topragynda möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň – welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň, köpugurly söwda bazarynyň, 350 orunlyk döwrebap myhmanhananyň we zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhananyň dabaraly açylmagy mynasybetli bu ýere ýygnananlary gutlap, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän merdana halkymyzyň akyl-paýhasyň çeşmesi bolan kitaplara gadymy döwürlerden bäri gadyr goýup, olary bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplandyklaryny, kitaplary aýawly saklap gelendiklerini belledi. Bir müň ýyl mundan ozal Köneürgençde «akademiýa» diýlip atlandyrylan, Orta Aziýada ilkinji kitaphana döredilipdir.

Köneürgenjiň meşhur kitaphanalaryndaky gadymy golýazmalar, düýpli ylmy işler we örän seýrek duşýan kitaplar dünýäniň belli alymlarynyň we ýazyjy-şahyrlarynyň ünsüni özüne çekipdir. Abu Reýhan Biruni, Ibn Sina, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra ýaly Gündogaryň beýik alymlary we meşhur şahyrlary bu mekanda ýaşapdyrlar we döredipdirler, düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barypdyrlar. Olar öz ajaýyp eserleri bilen dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyrlar, halkymyzyň şan-şöhratyny belende göteripdirler diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň: «Köp ýaşan bilmez, köp okan biler!» diýen pähimine eýerilip, ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, düýpli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, pederlerimiziň ruhy siňen gadymy golýazmalary we kitaplary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk şertlerde aýawly saklamak, dikeltmek, düýpli öwrenmek we geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtady.

Şu maksatlardan ugur alyp, gadymy Daşoguz topragynda welaýat kitaphanasynyň dokuz gatdan ybarat täze binasyny gurduk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen welaýat kitaphanasynyň täze binasy 600 okyja niýetlenendir. Bu ýerde bir million kitaby we beýleki neşir önümlerini talaba laýyk saklamak we giň okyjylar köpçüligine hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler bar. Kitaphanada dört sany kitap gaznasy, sekiz sany okalga zaly, kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan otaglar, Internet otaglary we kitap muzeýi ýerleşýär.

Kitaphananyň iň ýokarky – dokuzynjy gatynda älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskop hem ýerleşdirildi. Bu obserwatoriýadan asman jisimleri bilen gyzyklanýan alymlar, mugallymlar, talyplar, mekdep okuwçylary we beýleki adamlar peýdalanyp bilerler.

Описание: http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/oficial_news/2014/230914-1.jpg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, şu gün Daşoguz şäherinde ulanmaga berilýän beýleki täze desgalar barada hem durup geçdi.

Olaryň hatarynda köpugurly söwda bazary hem bar. Bu ýerde 600-e golaý dükan, bir müňden gowrak söwda bölümi işlär. Döwrebap bazarda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli harytlar alyjylara elýeterli bahalardan hödürlener.

Daşoguz şäherine özboluşly görk berýän 350 orunlyk täze myhmanhana häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde myhmanlaryň oňat dynç almagy, olara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi. Ýedi gatly myhmanhanada Internet otagy, söwda dükany, kämil enjamlar bilen üpjün edilen saglyk otagy, sport zaly we dürli çäreleri geçirmek üçin mejlisler zaly hem ýerleşýär.

Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana hem Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Kärhanada ýylda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan 12 görnüşli 13 million gap ýokary hilli önüm öndüriler.

Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň ählisini ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurandygyny aýratyn bellemek bilen, olaryň ulanmaga berilmeginiň welaýatyň ykdysadyýetiniň ösmegine oňyn täsir etjekdigini aýtdy. Mundan başga-da, ylmy-bilimi, medeniýeti ösdürmäge, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen welaýatda jemi 650-ä golaý täze iş orny dörär. Bu bolsa welaýatyň ilatynyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna düýpli ýardam eder.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda dabara gatnaşyjylary we Daşoguz welaýatynyň ähli ilatyny ýetip gelýän şanly sene – berkarar Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz kitaphananyň esasy girelgesine barýar hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär.

Hormatly Prezidentimiz kitaphananyň binasyna girýär, bu ýerde milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Milli ruhy-medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary aýawly saklamak. hemmetaraplaýyn öwrenmek we artdyrmak milli Liderimiziň başyny başlan we türkmen jemgyýetiniň gülläp ösmegine, onuň ruhy we intellektual kuwwatynyň artmagyna gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Daşoguz welaýat kitaphanasyny gurmak baradaky çözgüt sebitiň ruhy-medeni taýdan has-da ösmegi üçin möhüm ädim boldy. Öňki welaýat kitaphanasy 90 ýyla golaý wagt bäri gadymy türkmen topragynyň beýik taryhy baradaky hakydany aýawly saklap gelýär. Gadymy Köneürgenjiň görlüp-eşidilmedik derejede ösmegi bu taryhyň aýdyň sahypalarynyň biridir. Bu ýerde dünýä meşhur alymlar, filosoflar we şahyrlar ýaşap geçipdir. Olaryň döredijiligi dünýäniň ylmy we çeperçilik pikirleriniň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Horezm şalarynyň höküm süren döwründäki al-Mamunyň, şeýle hem hökümdarlar Atsyzyň, Arslan II, Muhammet ibn Tekeşiň, Reşitetdin Watwatyň, şeýh Nejmetdin al-Kubranyň kitaphanalary bu ýere Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ähli künjeklerinden Beýik Ýüpek ýoly bilen gelen alymlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Ol ýerde dünýä meşhur eserler döredilipdir, olaryň nusgalary beýleki ýurtlaryň köpsanly kitaphanalarynyň gymmatlygyna öwrülipdir.

Türkmenistanda maglumatlary alyşmak ulgamynda döwrebap we ýokary takyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy okuw, ylmy kitaplaryň we çeper edebiýatyň, gadymy döwürlerde ýaşap geçen ajaýyp türkmen şahyrlarynyň, alymlarynyň we akyldarlarynyň işleriniň sanyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýanynda hereket edýän “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzda kitaphana işiniň netijelliligini ýokarlandyrmaga we kitaphanalaryň kitap gaznasynyň üstüniň ýetirilmegini üpjün etmäge ýardam edýär.

Şu ugurda görülýän möhüm çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň welaýatlarynda öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap kitaphanalaryň gurluşygyny görkezmek bolar.

Daşoguzda welaýat kitaphanasynyň täze dokuz gatly binasynyň gurluşygy “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Kitaphananyň umumy meýdany 2 gektara barabardyr. Binanyň merkezi bölegi açyk kitap görnüşinde guruldy. Binagärler – taslaýjylar binanyň çep we sag tarapynda tekjeklerde ýerleşdirilen ägirt uly kitaplara meňzeş bezegleri ýerleşdirdiler. Beýikligi 42,5 metre barabar bolan binanyň esasy girelgesiniň öňündäki dürli reňkli suw çüwdürimleri, özboluşly çyralar agşamyna ajaýyp görnüşi emele getirýär.

Kitaphanada 1 million neşiri aýawly saklamak we uly hem-de kiçi okalga zallarynyň 8-sinde okyjylaryň birbada 600-sine hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kitaphana gaznasynyň dört sany uly jaýynda seýrek neşirleri saklamak üçin ýörite bölümler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde, aşaky gatyň otaglarynda döwrebap neşirýat enjamlary bilen üpjün edilen çaphana, kitaplary dikeltmek üçin bölümler, fotolaboratoriýa we beýleki tehniki otaglar ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphananyň birinji gatyndaky foýede ornaşdyrylan elektron enjamlarynyň – elektron katalogda zerur bolan maglumatlary gözlemek we elektron kitaplary okamak üçin niýetlenen döwrebap sensor enjamlarynyň işi bilen tanyşýar. Bu ýerde okyja elektron abonent kartoçkasy gowşurylýar.

Bu ýerde açylan her biri 20 orunlyk internet otagy, kompýuter zaly, şeýle hem çagalaryň okalga zaly oňat enjamlaşdyrylypdyr. Ýörite beketler zerur bolan kitaby çalt tapmaga we ony okyja bermäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde 100 orunlyk maslahatlar zaly, “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi hem ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz “Miras” otagynda milli nusgawy eserlerden düzülen kitap sergisi bilen tanyşýar. Bu ýerde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerine aýratyn orun berlipdir.

Milli Liderimiz ýaşlarymyzyň, ösüp gelýän nesliň türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasyny, taryhyny we medeniýetini öwrenmegi, olaryň esasynda terbiýelenmegi, täze bilimlere ymtylmagy, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy üçin döwlet derejesinde ähli tagallalary ederis diýip aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz internet zalda kitaphana hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşýar. Ýurdumyzda döredilýän elektron kitaphanalarynyň binýady zerur bolan kitaby gözlemekde beýleki sebitleriň kitaphanalary bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Internet –zalyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza gerek bolan kitaby ýa-da zerur bolan maglumaty gözlemek üçin bu ýerde ulanylýan kompýuter programmasynyň artykmaçlyklary barada gürrüň berdi.

Bu kitaphana maşgala bolup gelmäge hem mümkinçilikler döredilipdir. Döwlet Baştutanymyzyň baryp gören çagalaryň okalga otagynda körpeler kitaphanaçynyň okap berýän ertekisini uly gyzyklanma bilen diňleýärdiler.

Milli Liderimiz kitaplar muzeýinde ýerleşdirilen, geçmişde ýaşap geçen türkmen alymlaryna we nusgawy şahyrlaryna degişli we hünärmenler tarapyndan gaýtadan dikeldilen golýazmalary we beýleki gymmatly neşirleri synlaýar. Döwlet Baştutanymyz bu täsin kitaplaryň çaphana işiniň döremeginiň taryhyny, gadymy döwürlerde edebiýatyň we sungatyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýändigini nygtap, olaryň aýawly saklanmagyny üpjün etmegiň hem-de türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek işinde ulanmagyň wajypdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň ikinji gatyna çykýar. Kitaphananyň şu we üçünji gatynda okalga zallary ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde okyjylar üçin kitaphana hyzmatyny guramagyň döwrebap usullary bilen tanyşýar. Kitaphana işgärleriniň gürrüň berişleri ýaly, maglumatlary gözlemegiň, hyzmat etmegiň, şeýle hem materiallary hasaba almagyň, saklamagyň we gözegçilik etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy okyjylara edilýän hyzmatlaryň gönüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap mebeller, şeýle hem iň täze ulgamlaryň kömegi bilen döredilýän oňaýly howa ýagdaýy okyjylaryň hem-de kitaphananyň işgärleriniň netijeli işlemegini üpjün edýär.

Bu ýere gelenleriň biriniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bäşinji ýyl talybynyň gürrüň berşi ýaly, häzirki wagtda ol “Atmosferany hapalaýan maddalaryň çeşmeleri” diýen mowzugyň üstünde işleýär. Täze kitaphana häzirki zaman ylmy neşirler bilen tanyşdyrmak arkaly öz gözýetimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz talyp gyzdan onuň okuwy, hünäri bilen baglanyşykly geljekki meýilnamalary barada sorady. Döwlet Baştutanymyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamynda ylmy mowzuklary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belläp, Aral meselesiniň ýaramaz täsiriniň öňüni almak we peseltmek, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly sebit ähmiýetli meseleler bilen baglanyşykly ylmy barlaglary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz okalga zallaryny gözden geçirmegi tamamlap, kitaphana ýerleşen obserwatoriýa barýar. Onuň otaglary döwrebap kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Milli Liderimiz bu ýerde ornaşdyrylan teleskop enjamy bilen tanyşýar. Bu ýerde, täsin “açylyş-ýapylyş” ulgamy bilen üpjün edilen gümmezli giň otagda Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilen, göwrümi 0,8 metre barabar bolan teleskop ornaşdyrylypdyr. Ol asman giňişligini synlamaga hem-de tehniki gazananlaryň esasynda alnan maglumatlary kompýutere girizmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz döwrebap enjamyň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, ony iş ýüzünde synap gördi we bu enjamyň kömegi bilen asman giňişligini synlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän obserwatoriýalaryň sany artýar. Olaryň welaýat kitaphanalarynda ýerleşdirilmeginiň hem çuňňur manysy bardyr. Asman jisimlerini ylmy taýdan öwrenmek, astronomiki we geofiziki gözegçilik hem-de ylmy işler ýurdumyzda ornaşdyrylýan dünýä ylmynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Obserwatoriýa bilen tanyşmagyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz kitaphananyň birinji gatyna düşýär we şol ýerde hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar.

Soňra milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, açyljak nobatdaky täze iri desganyň biri bolan Daşogzuň köpugurly bazarynyň ýerleşýän tarap ugrady.

Dabara mynasybetli merkezleşdirilen söwda toplumynyň çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý dowam edýär. Täze desgalar toplumyny owadan güller, dürli reňkdäki howa şarlary, lentalar we baýdaklar bezeýär.

... Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň baştutanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri we köpsanly adamlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy söwda toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Ýaş bagşylar milli Liderimizi şowhunly aýdymlar bilen garşylap, belent mertebeli myhmanlary bazary synlamaga çagyrýarlar. Bulardan soňra ýerli teatryň artistleri orta asyrlarda meýdançalardaky teatrlara mahsus bolan görnüşdäki milli degişmelere ýugrulan sahnany ýerine ýetirýärler. Bu şadyýan sahna gatnaşýanlaryň arasynda milli rowaýatlaryň gahrymanlarynyň, meselem, Göroglynyň we onuň nökerleriniň keşplerini janlandyrýanlar bar...

Milli Liderimiz söwda toplumyny synlamaga girişmezden öň, bu ýerdäki aksakallaryň we ak saçly eneleriň ýanyna baryp, olaryň her birine uly hormat goýmak bilen görüşýär hem-de kada bolşy ýaly, ýaşlaryň ýaşuly nesle hormat goýmagyň göreldesini görkezýär.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz söwda merkeziniň toý bagyny kesýär we onuň çägine girýär. Milli Liderimiz toplumyň 50 gektara barabar bolan çägine syn edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň teatrlarynyň merkezi geçelgäniň ugrunda ýerleşen artistleriniň gündogar bazaryna mahsus wakany janlandyrýan tomaşalaryna gyzyklanma bilen syn edýär. Irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bazarlar az bolmandyr. Bu ýerde jarçylar—satyjylar adamlary çagyrmakda biri-biri bilen bäsleşýärler, olar öz harytlaryny mahabatlandyryp, alyjylaryň ünsüni çekmek üçin özara degişýärler. Şunda bazaryň ähli ýerinde aýdym-saz, şatlyk-şagalaň, gülküli sözler ýaňlanýar...

Описание: http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/oficial_news/2014/230914-2.jpg

Asyrlaryň dowamynda ýedi ýoluň çatrygynda ýerleşen diýpli ykrar edilen Türkmenistanyň çäginden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda ertekä çalymdaş Gündogary hem-de örän netijeli Günbatary, sergin howaly Demirgazygy we güneşli Günortany birikdiren Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Häzirki döwürde amatly ýerde ýerleşýän we Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň çatrygynda orun tutan ýurdumyzyň ähmiýeti ýene ýokarlandy. Döwletimiziň “açyk gapylar” syýasatyny, ýurtlaryň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyny we ösmegini şertlendirýän giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman ulag düzüminiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

XXI asyrda ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly häzirki zaman derejesinde dikeldilýär hem-de Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany täze derejede baglanyşdyrýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda iri söwda toplumlarynyň döredilmegi Türkmenistanyň sebitara, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamynda möhüm orny eýeleýändigi bilen baglanyşykly derejäni pugtalandyrmakdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar.

Türkmenistan söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde iri maýa goýumlary özleşdirmek arkaly ykdysadyýetiň täze döwrüň talabyna laýyk gelýän nusgasyny döredýär we türkmensitanlylaryň durmuş derejesini, ýurdumyzyň maýa goýum we syýahatçylygy ösdürmek üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda “Altyn asyr” gündogar bazarynyň açylmagy bilen tutuş ýurdumyzda halkymyzyň abadançylygyny, bolçulygyň we rowaçlygyň aýdyň subutnamasyna öwrülen köpugurly bazarlar yzygiderli açylýar.

.... Türkmen halky asyrlaryň dowamynda myhmansöýerlik ýaly asylly dessurlar bilen şöhrat gazanypdyrlar. Munuň özi ýurdumyzyň daşynda hem giňden bellidir. Häzirki döwürde halkyň gadymy däpleri döwrebap derejede ösdürilýär we hyzmatyň hem-de söwdanyň döwrebap tejribelerini özünde jemleýär. Gadymy we baky juwan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän ugrunda bina edilen Daşoguz welaýatynyň täze bazary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Täze bazar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan ugurdaş desgalar ýaly, guşuçar belentlikden ägirt uly haly gölüni şekillendirýär. 2011-nji ýylda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurlan “Altyn asyr” gündogar bazarynyň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylmagy ähli welaýatlar üçin nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bazary Ahalyň haly gölüniň görnüşinde gurmakda meýilleşdirilen çözgüdiň täsirlidigini belläp, her bir welaýatda şunuň ýaly desgalar gurlanda ýerli aýratynlyklaryň we öwüşginleriň göz öňünde tutulmalydygyny, özboluşly taslamalar boýunça gurlup, şonda her bir welaýata mahsus bolan haly gölleriniň şekillendirilmeldigini aýtdy.

Şunda Ýewropanyň supermarketlerine hem-de sahy gündogar bazarynyň täsin galdyrýan, özboluşly öwüşginine mahsus bolmak arkaly, satyjylar we alyjylar üçin döwrebap oňaýlyklary sazlaşykly utgaşdyrmak köptaraplaýyn täze söwda toplumlarynyň ählisi üçin umumy ýörelge bolmalydyr.

Ozal bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynyň köpugurly bazary türkmen haly gölüniň görnüşindedir, şunda demirgazyk welaýatyň halyçy zenanlarynyň elde dokaýan önümlerine mahsus nagyşlar şekillendirilýär. Bazaryň esasy girelgeçinde ak mermer bilen örtülen arka altynsow nagyşlar bilen bezelipdir. Sagat goýlan 34 metrlik diň giň söwda meýdançasynyň esasy alamatyna öwrüldi. Bazaryň meýdanynyň örän giňdigine garamazdan, girilgäniň öňünde goýlan elektron enjama görä alyjy toplumdaky söwda zolaklarynyň ýerleşýän ýerleriniň (türkmen, iňlis we rus dillerindäki) shemasy boýunça barmaly ýerini emgenmän tapyp biler, şol söwda zolaklarynyň her biri bolsa harytlaryň aýry-aýry görnüşlerini ýerlemek üçin niýetlenendir.

Üsti ýapyk, azyk we senetçilik önümlerini, trikotaž we galantereýa harytlaryny satmak üçin enjamlaşdyrylan 4 sany pawilonlarda oba hojalyk, azyk önümleri, hojalyk harytlary we beýleki önümler ýerlener, gök bazar bagbanlar we mülkdarlar üçin gurnalypdyr. Meýdany 4 müň inedördül metre golaý bolan şunuň ýaly pawilonlaryň her birinde ýüzlerçe söwda nokatlary bar. Umuman alanyňda bolsa, munuň özi müňden gowrak dükanlardyr. Şeýle hem özbaşdak we oňaýly ýerleşdirilen dükanlaryň 596-sy guruldy.

Bulardan başga-da, toplumda dürli ussahanalardan we atelýeden, dellekhanadan, dermanhanadan we konditer önümlerini öndürmek boýunça kiçeňräk bölümlerden ybarat bolan hyzmatlar öýi bar. Gara mallar we dowarlary satmak üçin aýratyn ýer bölünip berlipdir. Bu ýerde täze barlag-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar hem bar. Galyberse-de, awtoulaglaryň , gurluşyk serişdeleriniň satylýan ýeri bar. Bir söz bilen aýdanyňda, bu ýerde ähli gerekli zady – guzydan başlap, kuwwatly we dürli ýollardan ýöremäge ukyply awtoulagy satyn almak bolar.

Iki gatly edara binasynda bankyň şahamçasy, lukmançylyk nokady üçin otaglar ýerleşer. Toplum durmuş we hojalyk maksatly jaýlardan, konteýnerler üçin meýdançalardan, onlarça ammarlardan, şeýle hem çagalaryň oýnaýan meýdançalarynyň birnäçesinden, restorandan we dört sany kafeden, myhmanhanadan, üsti açyk we 650 orunlyk awtomobil duralgalarynyň ikisinden ybaratdyr. Toplum inženerçilik-tehniki taýdan döwrebap derejede üpjün edilipdir, seýilgäh zolaklary göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Galyberse-de, döwrebap bazarda häzirki döwre mahsus bolan marketing çözgütleri hem-de bir wagtlar tutuş Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, onuň demirgazyk welaýatynda gür ýerleşip, myhmansöýerligiň we ösen söwdanyň nyşany hasaplanan köpsanly kerwensaraýlara mahsus bolan özboluşly, nepis gündogar öwüşginleri utgaşdyrylypdyr.

Bazaryň ýanyndan Daşoguz-Köneürgenç awtoulag ýoly geçýär. Ikitaraplaýyn gatnawly, gara ýol söwda merkeziniň awtoulag durgalgasy bilen birigýär. Täze toplumyň syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine-de söz ýok. Çünki dünýäniň haýsy ýurduna gezelenç edilse-de, bazarlara baryp görmek şol ýurduň halkynyň medeniýeti we ýaşaýşy bilen tanyşlygyň iň oňat usuly hasaplanýar. Bazara barlanda onuň özboluşly öwüşginlerini görmek bolýar. Eger şol ýurt Gündogarda ýerleşýän bolsa, bu ýerdäki bazarlar diňe bir söwda amallarynyň geçirilýän ýörite ýeri bolmak bilen çäklenmän, gadymy däp-dessurlaryň we düýpgöter özboluşly aýratynlyklaryň aýawly saklanýan ýeridir.

Milli Liderimiz ähli ýerde aýdym-sazlar, şadyýan sözler bilen garşylanýar.

Bazaryň esasy derwezeleriniň aňyrsynda özboluşly dükanlar ýerleşipdir, ähli ýerde şowhunly ýagdaý höküm sürýär. Bu ýerde milli senetçileriň önümleri we dürli görnüşdäki süýji nygmatlar bolluk bilen görkezilipdir. Şowhunly, owadan we dürli reňkdäki zatlar bilen bezelen bazarda Gündogara, halkyň durmuşyna mahsus ýagdaýy synlap, onuň özboluşlylygyny duýmak bolýar. Sekide ornaşyp, märekäni öz sungaty bilen begendirýän bagşylar gadymyýete mahsus täsirli ýagdaýy duýmaga ýardam edýärler.

Milli Liderimiz syrçalanyp bezelen dürli görnüşdäki küýzeleriň we mejimeleriň arasyndan göräýmäge ýönekeý gaby saýlap aldy. Döwlet Baştutanymyz ony synlap, bu gabyň küýzegärçilik boýunça gadymy ussalaryň ýörelgelerine görä ýasalandygyny belledi. Olar her bir zadyň gözelliginiň onuň aňrybaş görnüşiniň we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygynyň utgaşdyrylmagyndan ybaratdygyny öňe sürüpdirler.

Türkmenistanyň Prezidenti milli senetçilik we haly önümleriniň ýerlenýän söwda zolagyna tarap barýar.

Bu ýerde-de hakyky gündogar bazaryna mahsus ýagdaý höküm sürýär. Satyjylar öz harytlaryny – ölçegleri we bezegleri boýunça dürli görnüşdäki nepis halylary, ýyly içmekleri we owadan donlary, horjunlary we torbalary, telpekleri we nagyşlanan tahýalary, gönden elde tikilen ädikleri we owadanlygy bilen haýran galdyrýan ýüň joraplary, öwşün atýan garaköli baganalary, ajaýyp zergärçilik önümlerini we daş-töwerege ýaň salýan dutarlary, dürli görnüşdäki oýnawaçlary, adaty milli tumarlary hödürleýärler.

Döwlet Baştutanymyz bezegçilik sungatynyň sergisini ýatladýan halyçylyk bölüminde satyjylar bilen söhbetdeş bolup, haly önüminiň hili we aýratynlyklary, bahasy, şeýle hem täze döwrebap söwda merkezindäki iş şertleri bilen gyzyklandy. Bazaryň işgärleri milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, täze gündogar bazarynda işlemek, harydy oňaýly ýerlemek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny bellediler. Halyçylaryň biri hemmeleriň el çarpmagynda, küştdepdä mahsus äheňde gözelligi boýunça tutuş dünýäde deňi-taýy bolmadyk halylary barada aýdym aýdýar.

Saz gurallaryny, milli geýimleri, elde dokalan ýüpek matalary, zergärçilik önümlerini, haly dokalanda ulanylýan gurallary we türkmen medeniýetiniň etniki özboluşlylygyny äşgär edýän dürli görnüşdäki sowgatlyk zatlary hödürleýän tekjelerde amaly-haşam sungaty, milli senetlere degişli hem-de ussatlaryň haýran galdyrýan önümlerini synlamak bolýar.

Döwlet Baştutanymyz bu bölümdäki dürli görnüşdäki zatlary synlap, garaköli baganadan çaga üçin niýetlenen ýeňsizi eline alyp görýär.

Orta asyrlarda söwdagärler ýumşak we göze gelüwli garaköli baganalary Beýik Ýüpek ýoly arkaly, Ortaýer deňzine tarap äkidipdirler, şol ýerden bu baganalar tutuş Ýewropa ýaýrapdyr. Eýýäm şonda türkmenler deri eýlemekde kämillige eýe bolupdyrlar. Olar deriniň owadan we uzak wagtlap ulanmaga ýaramly bolmagy üçin ony eýlemegiň usullaryny ele alypdyrlar. Milli Liderimiz wagtyň geçmegi bilen, ussatlaryň bu ýörelgelerini ýitirmezligiň we nesilden-nesle geçmeginiň möhümdigini, çünki bularda halkymyzyň taryhynyň täsin galdyrýan sahypalarynyň öz beýanyny tapýandygyny belläp, munuň milli senetleriň ähli görnüşlerine degişlidigini aýtdy.

Bu barada Döwlet Baştutanymyzyň ussat telekeçi zenan bilen söhbetdeşliginde-de gürrüň edildi, bu zenan ýüpek keteni dokaýar, şonda milli geýim tikýär, diýmek onda öz önümlerini köp sanoly satyjylara we el işine uly sarpa goýýanlara hödürlemäge oňaýly mümkinçilik bar.

Milli Liderimiz ussat zenandan şägirtleri barada sorady. Ol bu sungatyň syrlaryny we inçeligini höwes bilen öwrenýän ýaş şägirtleri barada buýsanç bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti azyk önümleriniň satylýan söwda zolagyna baryp, bu ýerdäki harytlaryň görnüşleri bilen tanyşýar hem-de dürli görnüşdäki önümleriň hili we aýratynlyklary, söwdanyň guralyşy bilen gyzyklanýar we satyjylar bilen söhbetdeş bolýar.

Bu ýerde sahawatly türkmen topragynda önýän zatlaryň ählisi: ter hyýar we pomidor, alma we armyt, kelem we turp, şugundyr we kartoşka – bir söz bilen aýdanyňda gerekli zatlar bar. Melleklerden, ýyladyşhalardan ýygylyp getirilen ter önümlerden başga-da, dürli görnüşdäki gaplanan önümler hem bar. Bularyň ýanynda daşary ýurtlardan getirilen önümleriň dürli görnüşleri, ananas, greýpfrut, sitrus önümleri satylýar. Şu ýerde size ýarma we çörek-bulka önümleri, et we şöhlat, guradylan miwe we süýji nygmat hödürlener.

Dürli görnüşdäki önümleriň hödürlenmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Täze bazaryň tekjelerindäki önümleriň köp bolmagy ýurdumyzdaky azyk bolçulygyny görkezýär, bu bolçulygy üpjün etmek Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiz Daşoguzuň meşhur şalysynyň satylýan tekjeleriniň ýanynda saklanyp, onuň dykyzlygyny, gatylygyny we digir-digirligini barlap görýär, bular oňat hilli önümiň esasy alamtalyr diýlip hasaplanýar. Ýurdumyzda bolsa bu önüme uly isleg bildirilýär. Çünki giňden ýazylan türkmen saçagyny aýratyn-da baýramçylyk günlerinde palawsyz göz öňüne getirmek aňsat düşmez.

Описание: http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/oficial_news/2014/230914-3.jpg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerdäki satyjylar islendik daýhanyň öz meýdanynda bol hasyl ösdürip ýetişdirip, ony täze bazarda emgenmän ýerlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilendigine çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bakja önümlerini satýanlaryň ýanyna barýar, olar hem artistlerden pes oturman, öz harytlaryny mahabatlandyrmakda bäsleşýärler. Süýt we süýji önümleriň satylýan bölüminde-de şunuň ýaly degişme äheňinde tomaşa görkezildi.

Milli Liderimiz bal satylýan tekjeleri aýratyn gyzyklanma bilen synlady, bu ýerde alyjy türkmen balynyň dürli görnüşlerini satyn alyp biler. Bularyň arasynda güllerden alynýan özboluşly tagamly bal, hoşboý ysly dag baly, ýandakdan alynýan we saglyk üçin örän ýaramly bal, gowaçanyň baly, arynyň öýjügindäki bal we beýlekiler bar. Derman ösümlikleriň süýji şiresinden balyň has gymmatly sortlary taýýarlanylýar. Bu derman ösümlikleri barada Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň hünärmenlerinde giňden seslenme döreden düýpli işinde jikme-jik beýan edilýär.

Bu ýerde baldan başga-da, bejeriji we keseliň öňüni almakda örän oňat netije berýän gül tozgalaryny almak bolar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara bu täsin galdyrýan önümleriň peýdasy we bejeriji täsiri barada gürrüň berip, bularyň düzüminde haýsy witaminleriň we mikroelementleriň bardygyny, balyň dürli sortlarynyň aýratynlyklary hakynda aýtdy.

Bal önümleriniň türkmen hususy işewürçiliginiň wekilleri, telekeçileri tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda olar azyk senagatynyň pudagynda barha berk ornaşyp, öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrýarlar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti senagat harytlarynyň satylýan bölümine barýar hem-de bu ýerde söwdanyň guralyşy, döredilen şertler bilen tanyşýar we satyjylar bilen söhbetdeş bolýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümlerine aýratyn üns berdi. Bu önümleriň ýokary hilli halkara derejesinde ykrar edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi ilatyň sarp edýän harytlarynyň, dokma senagatynyň önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmaga, hilini täze derejä ýetirmäge mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän trikotaždan taýýarlanan geýimleriň täze nusgalaryna üns berdi. Milli Liderimiz hyzmat ediş we söwda ulgamlaryny ösdürmegiň, harydy sarp edijä ýetirýän hem-de onuň oňat taraplarynyň täsirli görkezilmegini üpjün edýän marketing sungatyny kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümleriniň daşary ýurt önümleri bilen üstünlikli bäsdeşlik etmeginiň möhüm ähmiýetli şerti diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Ilatyň ulanýan beýleki harytlarynyň arasynda durmuşdaky milli ýörelgelere laýyk gelýän önümler özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bularyň arasynda telpekler, sallançaklar, aşhanada we çörek bişirmek üçin ulanylýan zatlar, agaçdan ýasalan gap-gaçlar we beýlekiler bar. Çünki biziň günlerimizde-de bu önümler aýratyn-da oba ilatynyň durmuşynda giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda bazarlarda we dükanlarda dürli serişdelerden ýasalan şunuň ýaly döwrebap önümleriň görnüşleriniň köpdügini aýdyp, agaçdan edilen jamlara we susaklara ünsi çekdi, çünki il arasynda şonuň ýaly gaba guýlan nahar has süýji bolýar. Munuň özi hakykatdan-da şeýledir. Bularda önümler oňat saklanýar, olaryň käbiri bolsa iýmitiň tagamyny has-da artdyrýar. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa bakterisidli we gurplandyryjy häsiýetlere eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ekologiýa taýdan ýaramlylygyň şonuň ýaly gaplaryň esasy artykmaçlygy bolup durýandygyny belledi. Galyberse-de, bular farfordan we aýnadan edilýän gaplara garanyňda berk bolýar, çünki agaçdan edilen gap ýere gaçanda-da döwülmeýär. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen degşip, aşhanada ulanylýan oklaw ýaly käbir zatlary öý hojalykçy zenanlaryň “terbiýeçilik” serişdesi hökmünde-de ulanyp biljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz satyjynyň şol önümleri ýasaýandygyny hem bilip, ondan bu önümler barada sorady. Türkmenistanyň Prezidenti senetçilige mahsus ýörelgeleriň nesilden-nesle geçirilmeginiň dowam etdirilmelidigi barada aýdyp, ýaşlara şol başarnyklary öwretmek arkaly, olara türkmenleriň durmuşdaky medeniýetine, milli senetlere degişli önümleriň, ýagny agaçdan edilen gap-gaçlaryň, sallançagyň, halylaryň we has gadymy keçeleriň adamyň bedenine neneňsi täsirini ýetirýändigine degişli bilimleri öwretmegiň möhümdigini belledi.

Milli senetleri täzeden dikeltmegiň barşynda telekeçiligiň ähmiýeti barha artýar. Täze taryhy eýýam Türkmenistanda telekeçilik hereketiniň gaýtadan dikeldilýän, onuň netijeli ösüşi, mümkinçilikleriň we telekeçilige degişli üşügiň äşgär edilmegi üçin ähli şertleriň döredilýän döwrüdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete dahylsyz pudagy döwrebap, ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge we tutuşlugyna, häzirki döwürde diňe bir milli däl-de, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine mahsus wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly kiçi we orta işewürligiň gaýtadan guralmagyna gönükdirýär.

Hususy kompaniýalary milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, şäher gurluşygyna giňden çekmek ýurdumyzda telekeçiligi höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususy kompaniýalara ynanylan döwlet buýurmalarynyň gerimi giňelýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tutuş ýurdumyz boýunça ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly ýüzlerçe binalarda we desgalarda işleri amala aşyrýar, özbaşdak gurluşyk kärhanalary täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary yzygiderli ulanmaga berýärler. Bularyň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Çyzgy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Daşoguzda gurlan köpugurly söwda merkezini hem görkezmek bolar.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap söwda merkezlerini döretmekde toplanan oňyn tejribäni öwrenmegiň möhümdigine ýygnananlaryň ünsüni çekip, degişli ýolbaşçylara ony ýurdumyzyň welaýatlarynda giňden ornaşdyrmak baradaky meseläni düýpli seljermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigine we azyk bolçulygynyň döredilýändigine ünsi çekip, görülýän çäreleriň halkara derejesindäki söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz parahatçylyk dörediji merkez hem-de mundan beýläk-de ykdysady we medeni taýdan ösüşde möhüm ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilýän ýeri diýlip ykrar edilen Türkmenistanda bu wajyp işe uly ähmiýet berilýändigini belledi. Milli Liderimiz bu giň gerimli işleriň döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmegini şertlendirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan bazarlaryň türkmen halkynyň sahylygynyň we topragymyzyň berekediniň berijiliginiň ajaýyp nyşanyna öwrülmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz bazarlarda ilat üçin elýeterli nyrhlar boýunça harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmeginiň häzirki tapgyrda esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Hut şoňa görä-de, biziň bazarlarymyz halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnamalardyr, munuň özi milli ykdysady nusganyň netijeli işiniň miwesidir.

Şunda döwlet Baştutanymyz bazarlarda we beýleki söwda nokatlarynda ilata edilýän hyzmatlaryň dünýäde bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, ýygnananlary täze söwda merkeziniň açylyşy bilen ýene-de bir gezek gutlady we dabara gatnaşýanlar bilen mähirli hoşlaşyp, olara milli ykdysadyýeti ösdürmekde, ýurdumyzyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda hyzmat ediş ulgamyny pugtalandyrmak işinde şowlulygy we zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Myhmanlaryň we dabara gatnaşýanlaryň el çarpmagy bilen, milli Liderimiziň awtoulagy söwda toplumynyň çäginden çykyp, indiki täze bina tarap ugraýar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýedi gatly “Daşoguz” myhmanhanasynyň ýanyna gelýär.

Bu ýere gelen döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşýan köpsanly adamlar ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Dabara mynasybetli döredijilik topary öz sowgadyny taýýarlapdyr. Ýeri gelende aýtsak, horeografik kompozisiýa syýahatçylyga we gezelenje bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de binanyň eýwanyna barýar. Milli Liderimiz bu ýerde binanyň tehniki taýdan üpjün edilişi, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşy, işgärleriň zähmet şertleri bilen jikme-jik gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz birinji gaty synlaýar, bu ýerde Internet-kabinet we sowgat satylýan dükan we beýleki otaglar ýerleşýär.

Soňra milli Liderimiz mejlisler zaly bilen tanyşýar, onuň inženerçilik-tehniki taýdan üpjün edilişi bu ýerde ýokary derejeli halkara forumlaryny hem geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti myhmanhanany synlamagyny dowam edip, bu ýerde suwa düşülýän howza baryp gördi.

Galyberse-de, myhmanhananyň sport- sagaldyş bölüminde hammam we spa-salon, bilýard oýnalýan ýer we fito-bar, sport zaly ýerleşýär, bu zalda dürli trenažýorlar goýlupdyr. Bu ýerde saglygyňy berkitmek we dikeldtmek, bedeniňi taplamak üçin özbaşdak we toparlaýyn türgenleşip bolýar. Açyk meýdanda bolsa tennis, woleýbol we basketbol oýnalýan meýdançalar bar.

Döwlet Baştutanymyz ikinji gata çykyp, myhmanlar üçin niýetlenen otaglara barýar. Milli Liderimiz otaglaryň bezelişini, döwrebap mebeller we myhmanhananyň ýokary derejesine görä üpjün edilişini synlap, bu ýerde dynç alýanlar üçin, galyberse-de, halkara ülňülerine laýyklykda hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň göwnejaý saklanmagyna gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.

Umuman alanyňda, “Daşoguz” myhmanhanasynda şol bir wagtyň özünde 350 adamyny kabul etmek üçin niýetlenen 187 sany otaglar bar. Bular bir adamlyk 31 sany, iki adamlyk 120 sany, 3 adamlyk 21 sany we lýuks görnüşindäki 15 sany otaglardyr. Ähli oňaýlyklary bolan otaglar amatly mebel hem-de durmuşda ulanylýan we hyzmat etmek üçin niýetlenen döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilipdir. Bularyň ählisi myhmanhanada ýokary derejede hyzmat edilmegine mümkinçilik berýär. Myhmanhananyň içki jaýlaryny bezemekde esasan sarymtyl we mele-goňrumtyl reňkler ulanylyp, bular amatly ýagdaýy döredýär.

Описание: http://www.turkmenistan.gov.tm/photo/oficial_news/2014/230914-4.jpg

Myhmanhananyň binasynyň ýanyndaky ýerde dynç almak üçin zolak abadanlyşdyrylypdyr, bu ýerde telärler, gül ekilen aýmançalar, otluk ýerler we gezelenç edilýän ýodalar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanhana bilen tanyşlygyny jemläp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşypr öz awtoulagyna tarap ugraýar.

... Döwlet Baştutanymyz indiki täze bina – zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana barýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy ýurdumyzyň derman senagatyna degişli täze kärhananyň öňündäki meýdançada saklanýar. Milli lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Dabara gatnaşan köpsanly adamlar türkmen döwletiniň Baştutanyny ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Täze binanyň öňündäki meýdançada aýdymçylaryň we tansçylaryň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde täsirli çykyş guralýar.

Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen dokma önümçilik bölümi bilen tanyşýar.

Ýaş hünärmeniň aýtmagyna görä, bu ýerde bintleriň önümçiliginiň başlangyç tapgyry geçýär, işler dolulygyna birnäçe tapgyrda berjaý edilýär. Meselem, ilki bilen hasa öndürilýär, ol dokma enjamlarynda pagtadan dokalýar. Soňra hasa rulonlara saralýar, preslenýär, kesilýär, zyýansyzlandyrylýar we beýleki işler geçirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň täze kärhanasy Germaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň belli kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen üpjün edildi.

Onuň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy saglygy goraýyş pudagynyň bejeriş-keselleriň öňüni alyş edaralary we ilatyň hajatlary üçin taýýar önümiň 13 million gabyndan ybaratdyr. Parafarmasewtik (dermanlyk bolmadyk) önümleriň, ýagny keselleriň öňüni almak, şikesleri bejermek, hirurgiýa amallary geçirmek we nähoşlara ideg etmek üçin niýetlenen serişdeleriň arasynda dürli ölçegdäki hasalar, gipslenen we çeýe bintler, goşara, tirsege we arka daňmak üçin fiksatorlar, dyzlyklar, leýkoplastyrlar, inneksion plastyrlar, bir gezeklik hasalar bar. Bu önümler esasy iki görnüşde: zyýansyzlandyrylan (özbaşdak gapda) we zyýansyzlandyrylmadyk (toplumlaýyn gapda) görnüşde öndürilýär.

Dünýäniň statistiki maglumatlaryna görä, sargy serişdeleriniň bazary has çalt ösýär. Serişdeleriň şu topary boýunça söwdanyň artýandygy görünýär, munuň özi saglygy goraýyş edaralary we adaty sarp edijiler tarapyndan bildirilýän islegiň artmagy hem-de ulanmak üçin amatlylygynyň gowulandyrylmagy we görnüşleriniň köpelmegi bilen düşündirilýär.

Bildirilýän isleg we konýuktura göz öňünde tutulyp, täze kärhanada önümçilik enjamlarynyň 100-den gowragy gurnaldy. Şweýsariýanyň “Mýuller” kompaniýasynyň tehnologik liniýasy ýylda dürli inli çeýe we çeýe bolmadyk sargy bintleriniň 3 milliondan gowragynyň işlenip çykarylmagyny üpjün eder.

Fransiýanyň “Maboteks” kompaniýasynyň enjamy zyýansyzlandyrylan we hirurgiýada ulnylýan pamyk görnüşindäki süpürgiçleri (salfetkalary) öndürmek üçin niýetlenendir. Bu liniýanyň ýyllyk kuwwatlylygy taýyn we gaplanan önümiň 1 million sanysyndan ybaratdyr.

Ýene bir bölüm – sargy serişdeleriniň agardylýan ýeri Germaniýanyň “Krantz KTM Machinery” kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyryldy. Bu ýerden sargy üçin mata bobinalar (tegekler) arkaly, Italiýanyň “Stalam” kompaniýasynyň enjamynda guratmak üçin iberilýär. Bu liniýalaryň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 3 million bobinalara barabardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze kärhanany synlamagyny dowam edip, sargy serişdelerini işläp taýýarlaýan enjamyň işleýşi bilen tanyşýar hem-de önümçilikde ulanylýan çil mal, şeýle hem sarp edijilere ibermek üçin niýetlenen harydyň tapgyrlaryny aýawly saklamak üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti taýýar önümler boýunça bölümde önümleriň nusgalaryny synlaýar. Kärhanada bu önümleriň önümçiligi göwnejaý özleşdirilipdir. Şeýle hem kärhanada dyza, tirsege daňylýanlaryň, guşaklaryň we beýleki (silindr, eňňit, konus, turba görnüşindäki) fiksatorlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Germaniýanyň “Garri lukas” kompaniýasynyň kärhanada goýlan enjamynyň önümçilik kuwwatlylygy, umuman alanyňda, şol önümleriň ýylda 50 müňüsine barabardyr.

Bulardan başga-da, Türkiýede (“Kerem otomasion” tarapyndan) öndürilen tehnologik liniýada ýylda leýkoplastyrlaryň 700 müňüsi we inýeksion plastyrlaryň 600 müňüsi öndüriler.

Ilki başda ulanylýan çig mal, şeýle hem taýýar önüm degişli derejede barlanar. Hile gözegçilik edýän bölümdäki hünärmenler ulanylýan serişdeleriň ählisiniň hilini we düzümdäki zatlaryň mukdaryny, şeýle hem taýýar önümi seljermek üçin täze abzallardan peýdalanarlar.

Sargy serişdeleri lukmançylykda has köp isleg bildirilýän serişdeleriň hataryna degişlidir. Muňa arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, ýaralary, ýanyklary bejermek, hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek we beýlekiler üçin ulanylýan zatlar degişlidir. Şoňa görä-de, bular birmeňzeş gurluşly, berk, çeýe, ýumşak, gigroskopik taýdan göwnejaý görnüşli, himiki taýdan bitarap görnüşli bolup, regeneratorly ýagdaýlara ýardam bermek arkaly, allergiýa mahsus we beýleki ýakymsyz ýagdaýlary döretmän, zyýansyzlandyrmakda we bejeriş serişdeleri ulanylanda öz häsiýetlerini saklamalydyr.

Bu şertlere laýyk gelýän önümler ýaralary göwnejaý guradýar we arassalaýar, ikilenç ýokanç ýagdaýlaryň we daşky ýakymsyz täsirleriň döremeginiň öňüni alýar hem-de ýaranyň basym gutulmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti täze kärhana bilen tanyşlygyň barşynda derman senagatyny döwrebaplaşdyrmak we onuň düzümini ösdürmek, ýurdumyzda derman önümleriniň we goşmaça ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak bilen bagly meselä ünsi çekip, şunuň ýaly döwrebap kärhanalary gurmak boýunça degişli ýolbaşçylarar tabşyryklary berdi hem-de şol çäreleriň bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýlelikde, täze kärhananyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň derman senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, geljegine uly umyt baglanýan bu pudagy täze sepgitlere ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi. Dürli görnüşdäki, ýokary hilli derman we goşmaça serişdeleriň işlenip çykarylmagyny ugur edinmek, bu ulgamyň ylmy we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak we ösdürmek, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary işjeň ýagdaýda tejribä ornaşdyrmak şol wezipeleriň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti kärhana bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Hormatly myhmanlaryň kitabynda bu waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda halkyň, her bir raýatyň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan içgin üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň göwnejaý işleri amala aşyrmagy netijesinde, Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça hakykatdan-da, oňat netijeler we üstünlikler gazanyldy, şu ugurdaky maksada okgunly işler dowam etdirilýär.

Täze taryhy eýýamda saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, hünärine ökde işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmy we amallar boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ähmiýetli ugurlary bolup durýar. Aşgabatda gurlup, täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralarynyň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda çetki obalarda-da döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze saglygy goraýyş edaralarynyň gurulýandygyny hem-de munuň ýerlerde ilata göwnejaý lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegine mümkinçilik berýändigini aýtman geçmek bolmaz.

Bulardan başga-da, derman senagatyna degişli täze kärhanalar gurulýar. Ýakyn wagtda dürli welaýatlarda gurlan hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatynyň ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň düzümine goşuljak şunuň ýaly birnäçe desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bular Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde deňiz duzuny we bejeriş palçylygyny gaplamak boýunça zawod, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýod öndürýän kärhana, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda dezinfirleýji erginleri öndürmek boýunça hem-de paýtagtymyzyň dag etegindäki Berzeňňi diýen ýerindäki çeşmäniň suwyndan “Berzeňňi” atly mineral suwy öndürýän kärhana bolup durýar.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we durmuşdan ugur alýan syýasatynyň dünýä bileleşigi we esasy halkara guramalary, şol sanda ýurdumyzyň işjeň we netijeli ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýän BMG we onuň iri düzümleri – Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) we beýlekiler tarapyndan giňden ykrar edilen syýasatynyň anyk netijeleridir.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary derman senagatyna degişli täze desganyň açylyşy bilen gutlap, kärhananyň işgärlerine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy we bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy golaýda ýerleşýän oba hojalyk meýdanlaryna tarap ugraýar.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň barşy şu döwürde döwlet Baştutanymyz tarapynldan geçirilýän hökümetiň mejlislerinde we göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlarynda garalýan esasy meseleleriň biridir. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen jikme-jik tanyşdy, daýhanlar, kärendeçiler we ýygymçylar bilen duşuşdy.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde-de ekerançylygy esasy ugur edinen maşgalalar, bol hasyl ýetişdirýän ussatlar az däldir. Şu ýylda welaýatyň pagtaçylary “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler, gallaçylar bolsa 300 müň tonna däne taýýarlamalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Merdan Öwezowyň meýdanynyň ýanynda saklanýar.

Bu ýerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli görşüp, ekiş mahalyndaky ilkinji nobatdaky wezipelere olaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine döwlet tarapyndan degerli goldaw berlip, oba hojalygynda babadaýhanlaryň ähli zerur zatlar, şol sanda ýokary öndürijilikli tehnika, dökünler bilen üpjün ediljekdigini belläp, degişli ýolbaşçylaryň bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegine jogap berýändigine, şol işiň barşynda geljekki ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüniň tutulýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde hojalygy dolandyrmagyň netijeliligine, daýhanlaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň höweslendirilmegine, serişdeleriň rejeli ulanylmagyna degişli meseleler barada aýratyn durup geçdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçi M.Öwezow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş-aladalary bilen gyzyklandy hem-de şu tomusda ýygnan bugdaý hasyly barada sorady. Kärendeçi geçen möwsümde 5 gektara barabar meýdandan 12,5 tonna däne ýygnandygy barada gürrüň berip, häzirki wagtda hut şonça meýdanda “KLAAS” kysymly traktorlaryň kömegi arkaly, ýeri çuňlugyna ýumşatmak we malalamak işleriniň tamamlanandygyny aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, demirgazyk sebitiň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly, bu ýerde ekiş beýleki welaýatlardaky ýaly, hatarlaýyn däl-de, atanaklaýyn görnüşde geçirilýär. Munuň özi tohumyň meýdana deňeçer sepilmegine ýardam berýär hem-de topragyň üstki tarapyndaky çygyň bugarmagyny azaldýar.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerine, oba hojalygynyň düzüminiň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli ilkinji nobatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, döwlet Baştutanymyz meýdanlaryndaky işleri bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyna oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.

Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk instituty welaýatyň oba hojalyk puldagynyň ösdürilmegine we onuň işgärler bilen üpjün edilmegine öz goşandyny goşýar. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary diňe bir döwrebap audiitoriýalarda däl-de, önümçilikde tejribe toplamagyň barşynda-da ussatldygyň syrlaryny öwrenýärler hem-de ýokary okuw mekdebiniň ylmy-önümçilik merkeziniň tejribe-synag bölümleriniň ýerlerinde, şeýle hem daýhan birleşikleriniň meýdanlarynda tejribe toplaýarlar.

Milli Liderimiz ekerançylyk boýunça milli ýörelgeleri döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy boýunça alymlaryň, önümçilikde işleýänleriň institutyň mugallymlary we talyplary bilen sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belläp, okatmagyň barşynda teoretiki bilimleri iş ýüzündäki başarnyklar bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň oba adamlary, kärendeçiler, daýhanlar barada geljekde-de içgin alada etjekdigini belläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşýan daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz suwdan rejeli peýdalanmagyň möhümdigini belläp, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygyna we ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmak, suwyň tygşytly ulanylmagyna jogapkärli çemeleşmek, täze suwarymly meýdanlary oba hojalyk dolanyşygyna girizmek boýunça ylmy esasda netijeli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz obany giň gerim bilen özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ylmy tarapynyň möhümdigini, munuň üçin döwlet tarapyndan köp serişdeleriň gönükdirilýändigini aýdyp, oba hojalyk ylmynda gazanylanlary we öňdebaryjy tehnologiýalary ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly, oba hojalyk önümçiligine işjeň ornaşdyrmagyň obasenagat toplumyny ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny hem-de şonsuz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça göwnejaý netijäni gazanmagyň mümkin däldigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tohumçylyk-seçgi boýunça işleriň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, güýzlük bugdaýyň bol hasyl berýän hem-de guraklyga, yssa, şeýle hem gyşyna sowuga çydamly sortlaryny taýýarlamagy we soňra oňat hilli täze sortlaryň oba hojalyk önümçiligine agrotehniki usulyýete laýyklykda giňden ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz aspiranturalarda, doktoranturalarda bu işi dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, oba hojalygy boýunça alymlaryň işläp taýýarlamalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçä yhlasly zähmetde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de awtoulaga münüp, Daşoguz şäheriniň howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.

... Bu gün Türkmenistanyň taryhyndaky täze eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna ýene-de bir ajaýyp sahypa bolup ýazyldy. Şu günki wakalar halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň Türkmenistanyň milli Liderimiz -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy