Navigation

Biz barada

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän düýpli özgertmeleri arkaly “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenistanda milli ösüşiň ähli ugurlarynda durnukly... Dowamy

Календарь / Архив

Mon
Tue
Wed
Thu
Fri
Sat
Sun
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
August 2018
 

Pasyl möwsümlerine görä mehanizmleriň ýangyç harçlamalarynyň möçberleriniň üýtgemeginiň ortaça hasaplanylyşynyň tertibi

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi

E.S.Abdylhekimow, mehanizmleri ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary;
G.AtaýewDöwlet müdirliginiň başlygynyň orunbasary;
Ýa.Şihmuhammedow, mehanizmleri ulanmak boýunça harçlamalaryň ölçegleri müdirliginiň başlygy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler şertlerinde kärhanalaryň ýokary  ykdysady netijeliligini üpjün etmeklik ynamly ösüş gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Kärhanalaryň ykdysady netijeliligini birnäçe şertlerden hem görkezijilerden emele gelýär. Şol sanda mehanizmleri ulanmakda çykdajylary we maddy serişdeleri, hususan-da gymmatly ýangyç serişdelerini  pugta hasaba almak we olaryň harçlanylyşyna gözegçilik etmek çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu makalanyň bir bölegi mehanizmleri ulanmakda 1 maşyn-sagadynyň nyrh hasaplamasynyň harajatlarynda, man./maş.-sag ölçenen yangyjyň sarp edilişini hasaplamak usullaryna bagyşlanandyr. Şol harajatlaryň düzümi, ýangyjyň mehanizmler boýunça sarp edilşiniň giriş düzüm möçberi hökmünde: gurluşyk maşynlar - üçin l/maş-sag, ýagny ýangyjyň sarp edilşiniň sagatdaky möçberi diýilip atlandyrylýan ölçeg birligi, awtoulag serişdeleri üçin bu görkeziji l/100 km-de ölçelip, ýangyjyň sarp edilşiniň ýol boýunça kadaly möçberi diýilip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary tarapyndan 2011-nji ýylyň iýun aýynyň 01-däki JT/65 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Türkmenistanda awtomobil ulaglarynyň, tehnikalaryň hem-de mehanizmleriň ýangyjy, çalgy ýaglaryny we beýleki serişdeleri sarp ediş kadalaryna” (mundan beýläk – “Kadalar”) laýyklykda, olarda bellenilen yangyjyň sarp edilşiniň nominal möçberi, aňladylan göterimiň hasabyna köpelmegi mümkin, ýagny:

1. Mehanizmleri 5 ýyldan köp ulanylanda 5%, 8 ýyldan köp ulanylanda 10%;

2. Awtoulag serişdelerini Aşgabat şäherinde ulanylanda 20%, Türkmenbaşy şäherinde we welaýat merkezlerinde 10%, etrap merkezlerinde we başga köp ilatly ýaşaýyş ýerlerinde 5%;

3. Gyş möwsümi döwründe 15-nji noýabrdan 31-nji marta çenli (4,5 aý) aralygy alynyp, hereketlendirijini gyzdyrmak üçin 5% we kabinaň içini gyzdyrmak üçin 10%;

4. Tomus möwsümi döwründe 15-nji maýdan 30-njy sentýabra çenli (4,5 aý) aralygy alynyp, kabinaň içini sowatmak üçin 10%. 

1-nji we 2-nji bentleri boýunça ýangyjyň sarp edilşiniň nominal möçberiniň köpelmegi ýylyň dowamynda hemişelik bolup, ýyl boýunça ýangyç harçlamasynyň ortaça möçberlerinde kynçylyk döremezligine getirýär. Galybersede  ýangyç harçlamasynyň ortaça möçberleriniň ýyl boýunça onuň köpelmegi möwsümleýin,    3-nji we 4-nji bentleri boýunça seredilmeli. “Kadalardan” görşümiz yaly ýangyjyň sarp ediliş möçberi 3 dowürde (4,5 aý - gyş möwsümi), (4,5 aý - tomus möwsümi) we (3 aý - ýaz-güýz möwsümleri) möwsümleýin üýtgeýär. Bu döwürlerde garalýan görkeziji bolsa uly aratapawuda eýe bolýarlar. Eger-de tomus möwsüminde mehanizmiň kabinasynyň içi sowadylmaýan bolsa, onda 2 döwür möwsümleýin üýtgeýän ýangyç sarp edilşiniň möçberini alarys, ýagny: 4,5 aý (gyş) we 7,5 aý (ýaz, tomus, güýz). Hemme döwürleriň deň ululyklaryny möwsümleýin üýtgeýän ýangyç sarp edilşiniň möçberlerini çen bilen ýönekeý orta arifmetika usuly bilen aňladyp bolar. Ýagny, deň ululykly döwürler dürli ululyklaryň aýratyn wakasy bolup durýandygyna ünsi çekmek bilen, şeýle netijäni çykarmak bolar, ýagny dürliululykly döwürler üçin ýyl boýunça ýangyjyň sarp edilşiniň ortaça möçberini umumy orta arifmetika bolup durýan döwürler boýunça ortaça ölçenen aňlatmanyň üsti bilen amala aşyrmak bolar.

Şeýlelik-de ortaça alnan ýyl boýunça ýangyjyň sarp edilşiniň möçberiniň möwsümleýin üýtgemegini aşakdaky ortaça ölçenen aňlatma bilen görkezip bolar:

    

 ,                              (1)

 

 

bu ýerde:

Mmi – möwsüm boýunça ýangyjyň sarp edilşiniň kada möçberi i-boýunça      (1-nji, 2-nji we baş.) gurluşyk maşynlary üçin  l/maş.-sag-da, awtoulag serişdeleri üçin  l/100 km-de ölçenilýär;

Dii-nji (1-nji, 2-nji we baş.) möwsümiň dowamlylygy, aýlar boýunça ölçenilýär;

n ≥ 2 – ýangyjyň sarp edilşiniň dürli möçberi bilen dürli ululykly möwsümleriň sany.

Beýan edilşine görä mehanizmleri ulanmakda 1 maşin-sagadynyň bahasynyň nyrh hasaplamasynyň iş tejribrsinde ýüze çykýan zerurlygy nazara almak bilen, ýangyjyň sarp edilşiniň orta ölçenen kada möçberini dürli ululykly döwülerde möwsümleýin üýtgemeginiň hasaplanylyşyny mysal getireliň.

1-nji mysal.  2005-nji ýylda çykarylan “Komatsu WA 420-3” frontal ýükleýji. Sürüjiniň kabinasy sowadyjy we ýyladyjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan. “Kadalara” laýyklykda berlen ýükleýjiniň ýangyjynyň sarp edilşiniň nominal möçberi 24,7 l/maş.-sag ybarat. Şu maglumatlar boýunca 3 möwsümleýin ýangyjyň sarp edilişiniň dürli möcberi görkezilen, ýagny:

1-nji möwsüm – gyş aýlarynda (15-nji noýabrdan 31-nji mart aralykdaky döwri boýunça)   (D1 = 4,5 aý) ýangyjyň sarp edilşi 25% köpelýär we 24,7 × 1,25 = 30,88 l/maş.-sag (Mm1) deň bolýar, ýagny: mehanizmi ulanmakda 8 ýyldan köp bolanda 10%, hereketlendirijini gyzdyrmak üçin 5% we kabinaň içini gyzdyrmak üçin 10%;

2-nji möwsüm – tomus aýlarynda (15-nji maýdan 30-njy sentýabr aralykdaky döwri boýunça): (D2 = 4,5 aý) ýangyjyň sarp edilşi 20% köpelýär we 24,7 × 1,20 = 29,64 l/maş.-sag (Mm2) deň bolýar, ýagny: mehanizmi ulanmakda 8 ýyldan köp bolanda 10% we kabinaň içini sowatmak üçin 10%;

3-nji möwsüm – galan 3 aýda (D3) ýangyjyň sarp edilşi 10% köpelýär we 24,7 × 1,10 = 27,17 l/maş.-sag (Mm3) düzýär, ýagny: mehanizmi ulanmakda 8 ýyldan köp bolanda 10%.

(1) formulany giň görnüşinde beýan etsek, 3 möwsüm üçin şeýle görnüşde ýazyp bileris:

         

 

Ýükleýjiniň ýangyjynyň sarp edilşiniň ýyllyk möçberini (orta ölçenen) ortaça almak üçin alamatlaryň sanyny goýanymyzda şeýle görnüşde alyp bileris:

  l/maş.-sag.                     

2-nji mysal. 2008-nji ýylda çykarylan ýüküni özi düşürýän “MAZ-551605” awtoulagy. Ýüküni özi düşürýän awtoulag Aşgabat şäheriniň çäginde ulanylýar. Sürüjiniň kabinasy ýyladyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan, sowadyş ulgamy ýok. “Kadalara” laýyklykda berlen ýüküni özi düşürýän awtoulagyň ýangyjy sarp edişiniň nominal kada möçberi 42 l/100km. Berlen maglumat boýunça 2 möwsümde dürli ýangyjyň sarp edilşiniň dürli möçberi görkezilen, ýagny:

1-nji möwsüm – gyş aýlarynda (15-nji noýabrdan 31-nji mart aralykdaky döwri boýunça): (D1 = 4,5 aý) ýangyjyň sarp edilşi 40% köpelýär we 42 × 1,40 = 58,80 l/100 km (Mm1) deň bolýar, ýagny: ýüküni özi düşürýän awtoulag Aşgabat şäherinde ulanylanda 20%, ýüküni özi düşürýän awtoulag ulanyşda 5 ýyldan köp bolanda 5%, hereketlendirijini gyzdyrmak üçin 5%, kabinanyň içini ýylatmak üçin 10%;

2-nji möwsüm - galan 7,5 aýy (D2) ýangyjyň sarp edilşi 25% köpelýär we 42 × 1,25 = 52,50 l/100 km (Mm2) deň bolýar, ýagny: ýüküni özi düşürýän awtoulag  Aşgabat şäherinde ulanylanda 20% we ýüküni özi düşürýän awtoulag ulanyşda 5 ýyldan köp bolanda 5% artýar.

(1) formulany ýaýbaňlaşdyrsak 2 möwsüm üçin şeýle görkezip bileris:

Ýüküni özi düşürýän awtoulagyň ýangyjy sarp edişiniň ýylyň dowamyndaky kada möçberini (orta ölçenen) ortaça almak üçin alamatlaryň sanyny goýanymyzda şeýle görnüşde alyp bileris:

                                   l/100 km.

Netijede, ösüşe barmakda mehanizmleriň ýangyç harçlamalarynyň ýylyň dowamynda  möçberleriniň möwsümleýin üýtgemesiniň ortaça hasaplanylyşy mehanizmleri ulanmakda 1 maşin-sagadyň bahasynyň nyrh hasaplamasynda ýangyjyň sarp edilişiniň has doly hasaba alynmagynda peýdalanylyp bilinjekdigini aýtmak bolar.

Žurnal «Altyn Asyryň ykdysadyýeti», №11, 2014 ý.